Jina Lollobrijida aradan çykdy

Jina Lollobrijida aradan çykdy

Düýn italýan kinosynyň nusgawy aktrisasy Jina Lollobrijida 95 ýaşynda aradan çykdy diýip, La Repubblica neşirine salgylanýan Interfax.ru habar berdi.

Corriere Della Sera neşiriniň ýazmagyna görä, aktrisa golaýda Rimiň hassahanalarynyň birine ýerleşdirildi, onuň ölüminiň sebäbi habar berilmeýär.

Lollobrijida 1927-nji ýylyň 4-nji iýulynda ýurduň Subýakko diýen ýerinde dünýä indi.Geçen asyryň 40-njy ýyllarynda kinoda surata düşüp başlady, onuň iň meşhur keşpleriniň biri-de Fanfan-çigildem filmindäki Adelina Lafranşiziň keşbi hasaplanýar. Şeýle-de ol Süleýman patyşa we şa gyzy Sawskaýa filminde şa gyzy Sawskaýanyň, Pariž Hudaýyň enesiniň soborynda Esmeraldanyň, Dünýäde iň owadan zenan filminde Lina Kawýeriniň keşplerini döretdi.

Aktrisa 60-dan gowrak filmde, Hamfri Bogart, Frenk Sinatro we Žerar Filip ýaly nusgawy aktýorlar bilen surata düşdi. Ol fotografiýa sungaty we heýkeltaraşlyk bilen gyzyklanýardy, öz işleriniň sergilerini guraýardy.

Lollobirijida Italýan Respublikasynyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordeni bilen sylaglandy, şeýle-de Hormat legiony ordeniniň eýesidi.

Ýene degişli makalalar

17-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“Bitcoin” arkaly töleg kabul eder
Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler
Türk mediasyna syn
Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka bir duşuşykda iki rekordy täzeledi
Kazan Türkmenistan bilen howa gatnaşyklaryny aprelde täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär