19-njy iýulda Saud Arabystanynyň Jidda şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — Merkezi Aziýa sammiti geçiriler. Bu barada Saudi Gazette penşenbe güni habar berdi.
Çeşmede bellenilişine görä, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ibn Abdul-Aziz Al Saud Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine girýän ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň ýolbaşçylaryna sammite gatnaşmak üçin çakylyk ýollapdyr.
Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde Aýlag döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirilipdi. Şol duşuşykda söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasy kabul edilipdi.
Mundan başga-da, geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Bu resminama taraplaryň arasynda söwda we ykdysady, energetika, suw üpjünçiligi hem-de azyk howpsuzlygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.
Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk Geňeşi — alty sany arap ýurduny öz içine alýan sebitleýin gurama. Onuň düzümine Bahreýn, Katar, Kuweýt, Birleşen Arap Emirlikleri, Oman we Saud Arabystany girýär.