Jeýn Birkin aradan çykdy

16-njy iýulda fransuz-britan aktrisasy we aýdymçysy Jeýn Birkin 76 ýaşynyň içinde Pariždäki öýünde aradan çykdy. Ol 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda insult geçirdi we bu sebäpli birnäçe konsertini ýatyrmaga mejbur boldy. Meşhur zenan britan we fransuz kinosynda aktrisa hökmünde uly üstünlige eýe boldy.

Londonda doglan Birkin aktrisa hökmünde öz karýerasyna Mikelanjelo Antonioniniň “Fotoulaldyjy (1966), “Kaleýdoskop” (1966) ýaly filmlerinde ikinji derejeli keşplerde çykyş edip başlady. 1968-nji ýylda “Bogun” filminde surata düşdi. Soňra Birkin ýazyjy zenan Agata Kristiniň adybir eseri esasynda “Nil derýasyndaky ölüm” (1978) filminde surata düşdi.

1980-nji ýyldan soň, Birkin aktrisa we aýdymçy bolup işlemegini dowam etdirip, dürli filmlerde çykyş etdi we köp sanly albom ýazdy.

Ol 1970-nji ýyllardan bäri Fransiýada ýaşaýar. Aktýor we aýdym-saz üstünliklerinden başga-da, onuň adyny “Hermes Birkin” sumkasy göterýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýelediler
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi
Kuraş 2023: Sabina Agajanowa finalda göreşer
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: 39 ýaşly türgen dünýä çempiony boldy