Rowaýaty Titanik filminiň režissýory Jeýms Kemeron golaýda gark bolan batiskaf barada serial surata düşürmek hakynda gepleşikleri alyp barýar diýip, MIR 24 habar berýär.
Oňa bu pikiri amerikaly prodýuserler teklip etdiler. Olar Titanik gämisiniň galyndylaryna sapara giden batiskafyň heläkçiligini ekranlaşdyrmakçy bolýarlar.
Batiskafyň ekipažy we ýolagçylary suwa çümülenden 105 minut soňra heläk boldular. Çaklamalaryň birine görä, betbagtçylyga batiskafyň ýokary basyş esasynda ýarylmagy sebäp bolupdyr.
Jeýms Kemeron öň Titanik gämisiniň heläkçiligi barada çeper film döredipdi, film Oskar baýragyna 11 ugur boýunça mynasyp boldy.