Jeýms Bonduň täze filminiň görkeziljek wagty 2-nji gezek süýşürildi

Kino sungatynyň meşhur jansyzy Jeýms Bonduň täze başdangeçirmeleriniň

filminiň wagty 2-nji gezek soňa süýşürildi. Filmi aslynda şu ýylyň 3-nji aprelinde prokatlara ýaýratmak göz öňünde tutulýardy. Ýöne dünýäde emele gelen pandemiýa sebäpli filmiň

görkezilmeli wagty 13-nji noýabra geçirilipdi.

Ýöne çylşyrymly ýagdaýyň dowam etmegi ekran eseriniň prodýuserlerini filmiň

wagtynyň ýene bir ýola süýşürmäge mejbur etdi. Aslynda MGM ve “Eon Productions” filmiň 13-nji noýabrda görkeziljekdigini mahabatlandyrýan birnäçe

reklamalar hem etdi. Ýöne 28-nji awgustda prokata çykan “Tenet” filminiň garaşylyşyndan

az pul gazanmagy, kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny filmi indiki ýyla geçirmek

barada karar almaga iterdi. Şeýlelikde, prodýuserler

ussat aktýor Daniel

Kreýgiň soňky gezek Jeýms Bonduň keşbinde çykyş

edýän “No Time Do Die” filminiň 2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde

kinoteatrlarda görkeziljekdigini resmi ýagdaýa habar berdiler. Şunlukda, film

görkezilmeli diýlip mälim edilen wagtyndan laýyk 1 ýyl soň, prokatlara ýaýrar. Ýeri gelende aýtsak, dünýäde çylşyrymly ýagdaý

dowam eden halatynda filmiň ýene-de süýşürilmek mümkinçiligi hem bar.

Görkezilmeli wagty soňa süýşürilen kinolaryň

ýene biri-de “Marvel”-iň önümi bolan “Black Widow” filminiň görkeziljek wagty hem geljek ýylyň ýaz paslyna geçirildi.

Ýene degişli makalalar

“Möý adam: Öýe ýol ýok” 2021-nji ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Dýuna filmi dört Oskara dalaş edýär
Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Tarelka meňzeş ýüzýän myhmanhana
Hepdäniň täze animasiýalary
Disney 2024-nji ýylda Marvel kinoälemi boýunça dört film çykarar