​​​​​​​Jeýk Salliwan ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň Ukraina sapary barada maglumat berdi

​​​​​​​Jeýk Salliwan ABŞ-nyň Prezidenti Baýdeniň Ukraina sapary barada maglumat berdi

ABŞ-nyň Milli Howpuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan metbugat ýygnagynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Salliwan: "Ruslara Prezident Jo Baýdeniň Kiýewe sapar gurap biljekdigi barada maglumat berdik. Ony Güýçleriň ygtybarly bölünmegi maksady bilen Prezident Jo Baýdeniň ýola çykmadan birnäçe sagat ozal ýerine ýetirdik" diýip habar berdi.

Jeýk Salliwan Russiýanyň şol berilen maglumata bolan reaksiýasy barada bolsa jikme-jik maglumat bermedi.

Beýleki tarapdan Jeýk Salliwanyň esasan hem uly ýadro güýçleriň arasynda islenmeýän çaknyşyklaryň öňüniň alynmagy manysyny berýän Güýçleriň ygtybarly bölünmegi sözlemini ulanmagy ünsleri özüne çekdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Polşa sapar guramadan ozal garaşylmadyk ýagdaýda Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine sapar gurapdy.

Jo Baýden Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen geçiren duşuşygyndan soň bolan umumy metbugat ýygnagynda, Ukraina üçin 500 million dollarlyk täze harby kömek bukjasyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Döwletjan Ýagşymyradow — Simon Biýong: bu tutluşykdan nämä garaşmaly we oňa nähili tomaşa etmeli
ABŞ we Gruziýa Russiýa garşy ykdysady sanksiýalaryň dowam etdirmelidigini bellediler
ABŞ-nyň wekiliýeti Taýwanda saparda bolýar
ABŞ Ýer Titremeleri Zerarly Doly Goldaw Bermäge Dowam Eder
ABŞ Türkiýä Ähli Taraplaýyn Kömek Bermäge Taýar
ABŞ Afrika 55 milliard dollar berer