27 ýaşly amerikan blogeri Jeýk Pol Arlingtonda (Tehas ştaty) geçirilen professional tutluşykda ady dünýä belli boksçy Maýk Taýsony ýeňdi. Tutluşyk meýilleşdirilen hersi iki minut dowam edýän sekiz raundyň ahyryna çenli dowam etdi we ýeňiji emin agzalarynyň bir agyzdan gelen çözgüdi bilen kesgitlendi diýip, Sports saýty habar berýär.
Tutluşykdan soň Pol: Men ony biraz ynjytmaga synanyşdym, ýöne onuň hem meni ynjytmagyndan gaty gorkdum - diýip, boýun aldy.
Öz gezeginde 58 ýaşly Taýson, ýeňlişe sezewar bolandygyna garamazdan, öz karýerasyny dowam etdirmek niýetini mälim edip: Boksdan gitmek hakda entek pikir etmeýärin. Belki, indi onuň dogany bilen tutluşaryn diýdi.
Bu tutluşyk iki boksçynyň statistikasyna giriziljek resmi professional söweş boldy. Pol üçin bu ýeňiş onuň geçiren 12 professional tutluşygyndaky 11-njisi boldy. Taýsonyň söweş sanawynda 59 sany duşuşykdan 50 sany ýeňiş (44-si nokaut bilen), ýedi ýeňliş we iki sany geçirilmedik tutluşyk bar.