Jeýhun“ tankeriniň kapitanynyň uly kömekçisi Serdar Nyýazmämmedow--deňizçiler nesliniň wekilidir

Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynyň kärhanalarynda öz ata-balarynyň ýoluny dowan edýänler kän. Türkmen söwda flot“ ÝaPJ-niň Jeýhun“ tankeriiň kapitanynyň uly kömekçisi Serdar Nyýazmämmedowam şolaryň biri.

Ol suw ulaglarynda ençeme ýyllap zähmet çekdi.Mekdebi tamamlandan soň Serdar Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunda Laçyn“ tirkeg gämisine deňizçi-motorist bolup işe girdi. Ýetginjegiň bu käri saýlamagyny deňiz portundaky gämi abatlaýyş zawodynda TGB-niň ussasy bolup işleýän kakasy Myratnyýaz Nyýazmämmedowam goldady.

Harby gullukdan gaýdyp gelenden soňam Serdar öňki Laçyn“ tirkeg gämisinde işläp başlady.Doly ýükli suwa batyş agramy 36 tonnalyk kiçeňräk gämide işlän döwri onuň üçin käre ussatlyk wagty boldy.

Bir çalşykda iki adam ekipažly gämi kiçeňräk bolsa-da, jogapkärli işleri ýerine ýetirýärdi.Ol porta gelýän gämileri duralgalara getirýärdi, ýüzýän kranlary,koprlary, läbik çykaryjylary, ýük baržalaryny bir ýerden başga ýere geçirýärdi, içki ýollarda uly gämilere azykdyr suw eltýärdi, olaryň ekipažlaryny kenara we yzyna äkidýärdi.

Ol losmanlyk işem ýerine ýetirýärdi, iri tonnažly gämileri nawigasiýa kanalyndan tä açyk deze çykýança ugradýardy.Janypkeş Laçyn“ köne gämidi. Şol ýyllar ekipaž diňe bir gäminiň kiçeňräk näsazlyklaryny öz güýji bilen düzetmän, eýsem wagty geçen şaýlaryny hem ýasamaly bolýardy.

Serdar hünär öwrenip, tejribe toplaýardy.

Serdar Nyýazmämmdowyň okuwçy we işe başlan döwri ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň ilkinji onýyllygyna, onuň ösüş ugrunyň kesgitleiýän wagtyna gabat geldi.Ykdysady we durmuş özgertmeleri Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna we Türkmenistanyň deňiz flotyna hem oňyn täsir etdi.

Portda önümçilik infrastrukturasynyň durky işjeň täzelenýärdi, ýük sebitleri tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylýardy we flota täze gämiler alynýardy.Hazar deňzinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýan täze ýük gämileri hereket edýärdi.

Losman hökmünde ýüzýän Laçynda“ işleýän Serdar olara höwes bilen bakyp, olaryň birinde işlemegi arzuw edýärdi. Çünki, onuň atasy Nyýazmämmet aga hem kapitan bolup işläpdi.

Ol 2008-nji ýylda deňizçiler mekdebini tamamlap, gämiçi hünärini ele aldy.

2007-2010-njy ýyllarda Türkmenistanyň iň täze taryhynda özgertmeler maksatnamalary, şol sanda 2020-nji ýyla çenli Türkmenbaşynyň halkara portuny we Türmenistanyň deňiz söwda flotuny ösdürmegi Baş meýilnamasy“ başlandy. Iri möçberli taslama laýyklykda ýaşyl portlar“ we düýä ähmiýetli logistik merkezleri halkara ölçegleri boýunça amala aşyrylýar.

Portuň döwrebaplaşdyrylmagy bilen bir hatarda deňiz söwda flotynyň mümkinçiligi-de artýar.Türkmenbaşa täze iri tonnažly gämiler gelip başlady.Birbada nebit önümleriniň 6 görnüşin daşamaga ukyply 140 metrlik Sumbar“ tankeri Türkmenistanyň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlarda gurlan laýnerleriň, paromlaryň, kuwwatly tirkeg, nebit daşaýan we beýleki gämileriň ilkinjisidi.

Soňra Hazar“ tankeri geldi.Bir ýyl geçensoň Türmenbaşy portuna aňryçäk suwa batyşy 10 müň tonna golaý, 2010-njy ýylda dünýäniň iň gowy gämileriniň sanawyna giren Jeýhun“ tankeri hem bu ýere geldi.

Şol ýyl Serdar Nyýazmämmdow synag toparynyň mejlisinde gämiçilik synagyndan geçýär we Jeýhun“ gämisiniň kapitanynyň üçünji kömekçisi, iki ýyldan soň bolsa kapitanyň uly kömekçisi wezipesine bellenilýär.

Şol döwre çenli Türkmenistanyň söwda flotuna ýokary tehnologiýaly nebit daşaýan gämileriň ikisi—hememtaraplaýyn himiýa önümlerini daşaýan Bitarap“ we Etrek“ tankerleri gelip gowuşdy, olar tehniki ölçegleri boýunça Jeýhuna“ meňzeşdi.Tanker floty uzak aralyklara gatnap, nebitçileri ýangyç-çalgy serişdeleri bilen üpjün edýärdi, Alaja we Ekerem duralgalaryndan çig maly Türkmenbaşy şäherine gaýtadan işlemäge getirýärdi, hazarýaka döwletlerindäki ýurtly alyjylara dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini we beýleki nebit önümlerini eltip berýär.

Häzirki wagtda Hazar deňzinde beýleki nebit daşaýan gämiler bilen birlikde Jeýhun“ tankeri-de işleýär, Serdar Nyýazmämmedow iş düzgünini laýyklykda birnäçe gezek gämi kapitanynyň wezipesini-de ýerine ýetirdi.

--Işläp gelýän dokuz ýylymyň içine Hazaryň dürli portlarynda: Amirabatda, Astrahanda, Bakuwda, Mahaçgalada, Nowşeherde, Nekde, Fwridunkenarda, Enzelide bolmak miýesser etdi.Olary hersi özüçe owadan, ýöne meniň üçin Türkmenbaşy portundan gowsy ýok.

Heniz şähere ýetip gelýärkäň balyk tutýan gämiler, ROPAХ derejeli parom-laýnerli, tirkeg gämili, gurak ýük daşaýan gämili, tankerlerli we ýerli we Ýeraziýa üstaşyr ýükleriniň geçirilýän iri ýeri bolmaly Türkmenbaşynyň täze halkara deňiz portunyň görnüşi haýran edýär—diýip Serdar gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen nebitiniň Mahaçgala portunyň üstünden iberilmegi dikeldildi
Dostluk deňziniň ornuna harbylaşdyrylan suw howdany. Rus harbylary Hazar deňzini nähili peýdalanýar?
Mahaçgala bilen Türkmenbaşynyň arasynda parom gatnawyny dikeltmek planlaşdyrylýar
Rus kompaniýasy Türkmenistana deňiz syýahatçylygyna başlar
Russiýanyň Dagystan Awtanomiýasynda Guralan Hüjüm Sebäpli 1 Adam Tussag Edildi
Aşgabatda RF bilen ÝET, sanlaşdyrma we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maslahatlaşdylar