Jewdet Ýylmaz we Ali Ýerlikaýa Ankarada geçirilen hatyralama çäresine gatnaşdylar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa bilen bilelikde 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni myansybetli paýtagt Ankara şäherindäki Karşyýaka gonamçylygyndaky 15-nji iýul Şehitliginde geçirilen hatyralama çäresine gatnaşdylar.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa bilen birlikde syýasy we harby resmileriň gatnaşmagynda geçirilen hatyralama çäresine 15-nji iýulda şehit bolan adamlaryň dogan-garyndaşlary we şikes ýetenler hem gatnaşdylar.

Hormatly dymyşlykdan we Milli senanyň ýerine ýetirilmeginden soň başlan çärede 15-nji iýulda şehit bolan raýatlaryň guburlaryna gül desselerini goýan Jewdet Ýylmaz we Ali Ýerlikaýa şehit bolan adamlaryň dogan-garyndaşlary bilen gürrüňdeş boldylar.

Şehitler üçin Gurhandan aýat-töwürleriň we doga-dilegleriň edilmeginden soň Polisiýa gonamçylygyna geçildi.

Gonamçylykda şehit bolan adamlar üçin doga-dilegler edildi. Şehit bolan adamlaryň dogan-garyndaşlary bilen gürrüňdeş bolan Ýylmaz we Ýerlikaýa şehit bolan polisiýa işgärleriniň guburlaryna gül desselerini goýdular.

Ýene degişli makalalar

Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Eýranda Ýas Çäreleri Geçirilýär
Jewdet Ýylmaz, Heniýýeniň Jynaza Namazyna Gatnaşar
Hamasyň Syýasy Lideri Soňky Ýoluna Ugradyldy