Jewdet Ýylmaz, Somaliniň Goranmak ministrini kabul etdi

Jewdet Ýylmaz, Somaliniň Goranmak ministrini kabul etdi

Prezidentiň köşgünde geçirilen duşuşykda, iki ýurduň arasyndaky goranmak we terrorçylyga garşy göreş boýunça hyzmatdaşlyk bilen bir birlikde, sebitdäki wakalar, ikitaraplaýyn söwda we energiýa pudagynda alnyp barylýan işler maslahatlaşyldy.

Duşuşykda, Türkiyäniň, Somaliniň galkynyşyna gönükdirilen saglygy goraýyş we ynsanperwer kömek ugurlaryndaky işler hem gözden geçirildi.

Wise-prezident Ýylmaz, geçirilen duşuşyk barada özüniň sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Ýyllaryň dowamynda strategik bir derejä ýeten Somali bilen gatnaşyklarymyzyň ähli ugurlarda ösmeginiň we berkemeginiň dowam etmeginden örän hoşaldyrys.

Türkiye hökmünde ähli edaralarymyz bilen, Somaliniň halkynyň abadançylygyna we asudalygyna goşant goşmak üçin tüýs ýüregimizden edýän tagallalarymyzy dowam etdireris. Şol mynasybetli, Somalilantda parahatçylykly şertlerde geçirilen saýlawlaryň, tutuş Somaliniň halkyna we Somalilanda parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk getirmegini arzuw edýärin, Somaliniň halkyna söýgimi we muhabbetimi ýetirýärin" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri duşuşyk geçirdiler
Somali 130 terrorçynyň öldürilendigini habar berdi
BMG-niň HG-niň 2025-nji ýylda wagtlaýyn agzalary boljak ýurtlar agzaldy
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Somaliniň Goranmak Ministri Türkiýede Saparda Bolýar
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi