Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek, Prezident R. T. Erdoganyň Birleşen Arap Emirliklerine gurajak saparynyň öňüsyrasynda iş sapary bilen Abu Daba gitdi.
Ýylmaz bilen Şimşegi, Abu Dabiniň halkara howa menzilinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Adalat ministri Abdullah bin Sultan bin Awad Al Nuaimi we Türkiýäniň Abu Dabidäki ilçisi Tugaý Tunçer bilen birlikde beýleki ýolbaşçylar garşylady.
Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmaz bilen Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek iş sapayrnyň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahaýan bilen hem duşuşar.
Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.