Jewdet Ýylmaz Alžirde Saparda Bolýar

Jewdet Ýylmaz Alžirde Saparda Bolýar

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz, Türkiýäniň Afrikada iň köp Alžirde maýa goýandygyny aýtdy.

Jewdet Ýylmaz Alžire guraýan saparynyň çäginde Türk iş geňeşi tarapyndan geçirlen işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Türkiýe bilen Alžiriň arasyndaky ýokary gatnaşyklaryň pugtalanmak bilen dowam edýändigini aýdan Ýylmaz, Alžir bilen özara gatnaşyklaryň ähli taraplaýyn ösdürilmegine uly ähmiýet berýändiklerini nygtady.

Iki ýurduň arasyndaky söwda mukdarynyň artýandygyny adýan Ýylmaz, özara söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmeginiň maksat edinilýändigini belledi.

Alžiriň Türkiýäniň Afrikada iň köp maýa goýan ýurtlaryndan biridigini nygtan Jewdet Ýylmaz “Gönü maýa goýumlary 6 milliard dollara golaýlady. Türkiýäniň Alžirde nebit-gaz pudagy bilen birlikde birnäçe ugurda iş mümkinçiligini döretmegi bizi buýsandyrýar” diýdi.

Türk firmalarynyň häzire çenli 636 taslamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny aýdan Ýylmaz, söwda mukdarynyň 21,3 milliard dollara barabar bolandygyny ýatlatdy.

Wise-prezident Ýylmaz, Alžirde iş alyp barýan firmalara goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýratyn belledi.

Ýene degişli makalalar

Alžiriň Energetika Ministri Ankarada Saparda Bolýar
Türkiyäniň ykdysadyýetiniň 3 ýyllyk ýol kartasy aýan edildi
DKTR-nyň Premýer-ministri Ünal Üstel Ankarada Saparda Bolýar
Türkiye Eýrana gynanç bildirýär
Eýranda Ýas Çäreleri Geçirilýär
Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy