Jesetleri watana ýollanmakdan ýüz öwrülen Belarusdaky türkmen studentleriniň mazarlary, ”Türkmen.news-iň” fotoreportajy

Jesetleri watana ýollanmakdan ýüz öwrülen Belarusdaky türkmen studentleriniň mazarlary, ”Türkmen.news-iň” fotoreportajy

”Türkmen.news-iň” Turkmen news habarçysy Minskiniň golaýyndaky Smilowiçi şäherçedäki bäş sany Türkmenistanlynyň mazary bolan gonamçylyga baryp gördi.

Olar Mekan Saparow (1996-2022), Orazsähet Akmyradow (1993-2021), Penjialy Gurbanow (1992-2022), Bägül Nobatowa (1999-2022), Göwher Abraýewa (2000-2022).

Ýogalanlaryň doglan ýyllary olaryň belarusyň ýoj-niň studentleridigine şaýatltk edýär. Türkmenistandan Belarusa hususan, okamaga gidýärler.

Neşiriň ýazmagyna görä, 3-nji synpda okaýan Mekan Saparow gurluşykdan düşüp aradan çykdy.Ol birnäçe aýlap huşsuz ýaşapdy. Bägül Nobatowa we Nägül Abraýewa dagy öz janyna kast etdiler.Ýaş gyzlar iki aý aralyk bilen umumy ýaşaýyş jaýynda özüni asypdyrlar.Munuň sebäpleriniň pulsuzlykdygyny neşir ýazýar.

Türkmenistandan çet ýurtlara pul geçirmegiň çäklendirilendigi üçin ene-atalar öz çagalaryny maliýeleşdirip bilmeýärler we güzeran üçin olaryň özleri pul tapmaga mejbur bolýarlar.

“Türkmenleriň” mazarlary ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Biparh bolmadyk watandaşlarynyň ýygnaýan pullary adatça, heýkeljige däl-de,diňe mazarlaryň üstüne kiçijik belgi tagtajyk dikmäge ýetýär.

Türkmenistanyň diplomatiýa wekilýetiniň öz raýatlarynyň jesetleriniň watana äkidilmegine kömek etmeýändigini Türkmen.news ýatlatýar.

Hut şeýle ýagdaýlar Türkiýede hem bar. Aktiwist Dürsolatn Taganowa geçen güýzde “Türkmenistanyň Hronikasyna” beren interwiýusynda koronawirusdan ölen raýatlaryň Stambuldaky gonamçylykda jaýlanandyklaryny we olaryň atlarynyň kimlerdiginiň näbellidigini gürrüň beripdi.

2020-nji ýylyň martynda Stambulda ýasama arakdan ölen 60 çemesi türkmenistanly hem şol gonamçylykda jaýlanypdylar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň beren maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň aprelinde Stambulda “beýnisine gan inmeden” ýogalan öňki çaga lukmany Annagül Kasymowa hem Stambulyň eteklerindäki Kilýosda “kimsesizler” gonamçylygynda jaýlanypdy.The post Jesetleri watana ýollanmakdan ýüz öwrülen Belarusdaky türkmen studentleriniň mazarlary, ”Türkmen.news-iň” fotoreportajy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň raýaty beýin ganamasyny geçirip, Stambuldaky keselhana düşenden ikinji güni aradan çykdy