'Jeset depeleri'. Itler barada kanunyň kabul edilmegi olaryň köpçülikleýin öldürilmegi bilen utgaşýar

'Jeset depeleri'. Itler barada kanunyň kabul edilmegi olaryň köpçülikleýin öldürilmegi bilen utgaşýar

Türkmenistanda haýwanlara rehimsizlik meselesi barha artýar. 24-nji iýulda itlere adamkärçilikli çemeleşmegi göz öňünde tutýan kanuna prezident tarapyndan gol çekilmeginden öň we soň, ýurduň dürli şäherleriniň ilaty we Azatlygyň habarçylary itleriň köpçülikleýin gyrgyna berilmegine şaýat boldular.

"Türkmenbaşydan çykanymyzda ýolda atylyp öldürlen itleriň köp jesedini gördük.Olaryň ençemesi 'depe' edilip toplandy we bu ganly 'hasyl' özlerini wagşylarça alyp barýanlaryň gulluklaryň awtoulaglaryna ýüklenip ýygnaldy" - diýip bu ýagdaýy gören maşgala gürrüň berdi.

Türkmenbaşyda dynç alyşda bolan aşgabatly maşgala munuň 18-nji iýulda bolandygyny gürrüň berdi.Olaryň görenleri itlere rehimli garamagy göz öňünde tutýan kanuna gol çekilmeginiň öňýanyna gabat geldi.

Adynyň efirde tutulmazlygy şerti bilen gürlän maşgala ýolda ýatan jesetleri uzak ýol görüp bolandygyny, her birnäçe metrden öli itleriň ýeke ýa-da üýşüp ýatandygyny gürrüň berdi.

"Öli haýwanlar kändi. Tüýs betbagtçylyk. Elhenç görnüş" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi gören zatlaryndan galan täsirini paýlaşdy.

Ýatlatsak, 24-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen we 26-njy iýulda metbugatda çap edilen "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" täze kanun itlere rehimsizligi gadagan edýär.

Haýwanlary goraýjylar, bolup geçýän wakalary häkimiýetleriň ikiýüzliliginiň ýokary derejede ýüze çykarylmagy diýip atlandyrdylar we kanunyň kabul edilmeginiň öňüsyrasynda tutuş ýurtda it awlamak we gyrgyna bermek işleriniň alnyp barlandygyna ünsi çekýärler.

"Hemme ýerde köpçülikleýin gyrgyn başlandy, beýleki günlerde yzy ýetirildi. Bu ýokardan edildi. Bu kanun çap edilen soň rehimsizlik görkezip boljak itleriň sanynyň az galmagy üçin edildi" - diýip, haýwanlary goraýan aşgabatly aktiwist öz pikirini mälim etdi.

Bu döwürde, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti ýerli ilata öý haýwanlaryna idegi wagyz edýän "10 günlük söýgi we hoşniýetlilik" çäresini yglan etdi.

“Turkmen.news” neşiri wekiliýetiň Instagram-daky sahypasyna salgylanyp, çäräniň 1-10-njy awgust aralygynda dowam etjekdigini habar berdi. Kampaniýanyň bir bölegi hökmünde Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň raýatlaryny öz öý haýwanlaryna ýa-da eýesiz galan haýwanlara ideg edýän hekaýalarynda ýa-da Instagram ýazgylarynda suratlary we wideolary goýmaga çagyrýar. Neşiriň habaryna görä, @ eu4turkmenistan sahypasy ýazgylarda we hekaýalarda bellik edilmelidir.

Habarda "Türkmenistanda ýaňy-ýakynda tassyklanan "Itleri köpeltmek we kinologiki işler" baradaky kanuny goldaýarys we her kime öý haýwanlaryna mylaýym bolmaga çagyrýarys" diýilýär.

Türkmenistanyň bu kanuny kabul etmegi tutuş ýurt boýunça itleriň köpçülikleýin öldürilmegi bilen utgaşdy. Paýtagtda we sebitlerde haýwanlary ýok etmek henizem dowam edýär.

Habarçylaryň maglumatlaryna görä, soňky günlerde hususan-da, Türkmenabatda itleri ýok etmek guramaçylykly tertipde amala aşyrylýar, hatda öýlerde saklanýan itler hem awlanýar we eýeleriniň elinden alynýar.Muňa jemagat hyzmatlarynyň işgärleri üçin itleri tutmagyň gündelik planynyň kesgitlenmegi we olaryň bu plany ýerine ýetirmäge çalyşmagy sebäp bolýar.

Azatlygyň ýerli habarçysy şu aýyň başynda Türkmenabatda haýwanlary tutýan gulluklaryň işgärlerinden her gün 7 iti tutmalydygyny habar berdi.

Ýurduň täze prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan gol çekilen "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanunyň 24-nji maddasyna laýyklykda itlere rehimsizlik, bikanun hereketler ýa-da biperwaý garamak netijesinde itleri bilkastlaýyn öldürmek ýa-da olara şikes ýetmegine sebäpkär bolmak, olara howp ýa-da saglygyna zeýan ýetirmek jenaýatçlyk hasaplanýar.

Türkmenistanda itlere we pişiklere rehimsiz çemeleşmek we gyrgyna bermek bilen bagly ýagdaý onlarça ýyl bäri dowam edip gelýär. 2019-njy ýylyň fewral aýynda itleri köpçülikleýin ýok etmek tolkunynyň fonunda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow birden ýurtda itler üçin ilkinji häzirki zaman penahananyň we weterinariýa klinikasynyň guruljakdygyny habar berdi.

Bu, daşary ýurt metbugatynda Türkmenistanda öýsüz haýwanlary rehimsizlik bilen ýok etmek barada ençeme maglumatyň çap edilmeginden soň boldy.

Prezidentiň şol desgalary döwletiň hasabyna gurjakdygyny wada bermegine garamazdan, ilatdan pul ýygnamak işi resmi taýdan ýola goýlupdy. Prezidentiň wada beren desgasyna türkmen jemgyýetinden pbir hepdede 62 000 dollar ýygnaldy. Döwlet habar beriş serişdeleri munuň "halkyň asylly işi goldamagyny" subut edýändigini habar berdi.

Şol puluň nämä sarp edilendigi belli däl. Şondan bäri ýurtda alabaý tohum itlerini köpeltmek üçin penahanalar açyldy we türkmen alabaý itiniň kulty döredildi. Ýurtda "Türkmen alabaý itleri" we "Türkmen alabaý itleriniň halkara assosiasiýasy" atly guramalar döredildi, olara başda häzirki prezident Serdar Berdimuhamedow ýolbaşçylyk etdi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda mallar köpçülikleýin haram ölýär (WIDEO)
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mahabata çykdajylary artýar
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Çille gijesine bagyşlanan çäre