Jennifer Lopez ilkinji iki dilde ýazylan kitabyny çykardy

Jennifer Lopez ilkinji iki dilde ýazylan kitabyny çykardy

Aýdymçy Jennifer Lopez bilen aktýor Jimmi Fellon bilelikde “Con Pollo: A Bilingual Playtime Adventure” ady bilen çagalar üçin kitap ýazdylar. Bu barada Benn Afflekiň aýaly sosial ulgamlarda habar berdi diýip, gazeta.ru belleýär.

Kitap ispan dilini öwrenmeklige bagyşlanýar.Suratlar bilen bezelen gyzykly kitap ýaş okyjylara esasy ispan leksikasyny özleşdirmäge kömek etmek üçin niýetlenendir.Interwýularyň birinde Jimmi Fellon aýdymçy bilen bilelikde çagalar kitabyny ýazmak pikiriniň Jenniferiň NBC-däki “Agşamky şüweleňden” daşary başga taslamalaryň üstünde-de bilelikde işlemek teklibinden soň peýda bolandygyny aýtdy.

Jüýjeleriň başdan geçirmeleri baradaky hekaýa olara iki dili birleşdirmäge mümkinçilik berdi.Kitap ispan terjimesi bilen iňlis dilinde ýazylyp, täze dili özleşdirýän çagalar üçin peýdalydyr.

Ýene degişli makalalar

Iki dilde ýazylan kitabyny çykardy
Netflix 2024-nji ýylyň filmleri bilen tanyşdyrdy
Jennifer Lopez “Netflix”-iň filminde surata düşer
Kino täzelikleri
Netflix Jennifer Lopez baradaky dokumental filmiň treýlerini hödürledi
Barbi “alym” boldy