Jemgyýetiň ösüşine medeniýetiň goşandy

Medeniýet pudagy ýylda 2,25 trillion dollar girdeji getirýär. Bu pudakda 30 million adam işleýär. Bu bilelikde alanyňda Ýewropada, Ýaponiýada we ABŞ-da awtoulag pudagyndan has köp. Şoňa görä halkara jemgyýetçiliginde we köp ýurtlarda döredijilik işgärleriniň ähmiýeti örän uludyr.

Biz jemgyýet hökmünde, döredijilik we umuman medeniýet pudagynda işleýänleriň sosial-ykdysady goşandyna ýokary baha berýäris Galyberse-de, bu pudak mahabatdan başlap binagärlik, moda, film we telewideniýe ýaly köp sanly ugurlary öz içine alýar.

Jemgyýetiň ösüşi üçin medeniýetiň goşandy gaty uly.Hemmesini jemläp alanyňda, bu pudagyň dürli ugurlary dünýä ykdysadyýetiniň 3 göterimini eýeläp, ýaşlar üçin ummasyz iş orunlaryny döredýär diýip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr aýtdy.

Baş Assambleýanyň başlygy ykdysady goşantdan başga-da döredijilik ugurlarynyň durmuşymyzy baýlaşdyrýandygyny we tejribe toplamaga ýardam berýändigini belledi. Medeniýet goralyp saklanylýan ugur. Wagtyň synagyndan we nesilden-nesle geçip gelýän ýadygärlikler, medeni desgalar, däp-dessurlar we eserler muňa şaýatdyr. Hut şu ugurlar adamlara durmuşyň many-maksadyny we mazmunyny tapmaga kömek edýär diýip, Wolkan Bozkyr sözüniň üstüne goşdy.

Elbetde, pandemiýa döwründe köpleriň emosional we ruhy taýdan saglygyny berkitmegine medeniýet kömek etdi. Ol kitap ýa-da saz, muzeýe wirtual gezelenç ýa-da tölegsiz konsert bolup biler. Biz zerur wagty medeniýete ýüz tutduk. Bar bolan maglumatlar medeniýetiň we döredijiligiň saglyga goldaw berýändigini, akyl we beden keselleriniň öňüni almaga we bejermäge kömek edýändigini görkezýär diýip, Bozkyr belledi.

Ol dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli sungat we medeniýet işgärleriniň belli bir derejede zyýan çekendigini aýtdy. Şol döwürde konsertler ýatyryldy, kinoteatrlar, teatrlar, kitap dükanlary ýapyldy.Diňe aýdym-saz pudagy şu ýyl 10 milliard girdejisini ýitirdi. Çökgünlikden çykan köp ýurt ykdysady dikeldişe, şol sanda, nebit we gaz öndürmek üçin ummasyz serişde bölüp berýär, emma medeni pudak ileri tutulmaly ugurlaryň biri hökmünde aýratyn orun eýelemelidir.

Baş Assambleýanyň başlygy dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň medeniýete ýetirip biläýjek täsirleriniň öňüni almak üçin gyssagly çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýtdy.

ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule öz gezeginde: Soňky bir ýyl döredijilige bolan ýokary ünsüň, medeniýetiň, esasan hem, häzirki döwürde ruhy abadanlygymyz üçin möhümdigini aç-açan äşgär etdi. Dikeldiş ýoluna düşenimizde, ozaly bilen, biz medeniýetiň bir gyrada durmazlygy üçin elimizde baryny etmelidiris diýip, belledi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşuldy
ÝUNESKO: on adamdan biri sowatsyz
Angela Merkel Parahatçylyk baýragyna mynasyp görüldi
ÝUNESKO: 244 mln çaga 1-nji sentýabrda mekdebe baryp bilmedi
Türkmen ilçisi ÝUNESKO-nyň Baş direktoryna ynanç hatyny gowşurdy
Magtymgulynyň goşgulary ÝUNESKO-nyň Dünýä hatyrasy maksatnamasyna girizildi