Jemgyýetdäki umytsyzlyk duýgularyň fonunda özlerine öňünden mazar taýýarlaýan adam köpelýär

Jemgyýetdäki umytsyzlyk duýgularyň fonunda özlerine öňünden mazar taýýarlaýan adam köpelýär

Halky bagtyýarlyk zamanynda ýaşaýandygyna ynandyrmaga çalyşýan türkmen hökümeti garyplaşýan ilatynyň gündelik kynçylyklaryny görmezlige salýarka, ilat köpçüliginde göwün çökgünlilik duýgusy möwjeýär. Azatlygyň habarçylary adamlarda geljege ynamsyzlyk we durmuşa höwessizlik tendensiýasynyň güýçlenýän wagtynda özleri üçin öňünden gonamçylykda ýer taýýarlamak däbiniň döräp, ýaýbaňlanýandygyny habar berýärler.

Ilatyň aglaba köpçüliginiň arasynda depressiýa, göwün çökgünlilik duýgularynyň we şeýle pikirleriň gitdigiçe köp paýlaşylýandygyny habar berýän çeşmelerimiziň we habarçylarymyzyň sözlerine görä, adamlaryň öz aralarynda edýän söhbetleri köplenç geljege umytsyzlyk we durmuşa höwessizlik garaýyşlardan ybarat bolýar.

Şeýle-de, habarçylar ilat arsynda gonamçylyklara gatnamagyň, özlerine mazar taýýarlamak ýaly hereketler köpçülikleýin häsiýete eýe bolup barýandygyny belleýärler.

"Gelejege bolan ynamyny ýitiren adamlar, öz dogduk obalarynda topraga berlen hossarlarynyň üstüne zyýarata köp gidýärler. Ölen ýakynlarynyň jaýlanan gonamçylyklarynda öňünden özlerine ýer belläp, hatda daşyny aýlap, taýýarlaýan adamlaryň sany köpelýär" diýip, Türkmenistandaky habarçymyz gürrüň berdi.

"Bu bolýan işlere gonamçylygyň müjewürleri hem öwrenişdi we indi parhsyz garaýar" diýip, çeşmeleriň ýene biri belleýär.

Aşgabatly çeşmelere görä, mazarlarda öňünden ýer satyn alýan raýatlaryň köpelmegi ölenleri jaýlamakda kynçylyk döredýändigini we öňden bäri gelýän tertibiň bozulmagyna sebäp bolýandygyny belleýärler.

"Bir ugurly hatara jaýlamaly meýdanda her kim özlerine niýetläp ýer bölüp alsa we daşyny aýlap goýsa tertipli mazarlaryň hatary bozulýar. Merhumlary hasaba almakda hem kynçylyklaryň döremegine getirýär" diýip, gonamçylyklaryň birindäki ýagdaýa gözegçilik edýän çeşme gürrüň berdi.

Azatlygyň ýerli habarçysynyň sözlerine görä, ýerli din wekilleri hem diri adamlaryň özlerine gonamçylykda ýer taýýarlamagy bilen bagly ýagdaýyň öz göwnüne ýaramaýandygyny aýdýarlar.

Azatlygyň käbir söhbetdeşleri dirikä öňünden gonamçylykda özüne ýer taýýarlamagyň adama arkaýynlyk berýändigini aýdýarlar we muny öňdengörüjilik hasap edip, öz maşgalalaryna agram salmazlyk hökmünde delillendirýärler.

"Sada adamlar ýurtda dirä sylag ýok, ölä-de hormat galmady diýýärler" diýip, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabaty aýtdy.

Türkmen jemgyýetinde umytsyzlyk duýgularynyň barha güýçlenýändigini we durmuşa höwesiň gaçýandygyny Azatlygyň habarçylary we çeşmeleri öňden bäri habar berip gelýärler.

Habarçylar adamlaryň merhumy jaýlamak, pata we sadaka çärelerine maddy çykdajy edýändigini habar beripdi. Bu ýagdaý bahalaryň ýokarlanmagyna we ilata goşmaça maddy agram salmagyna getirýär. Gününi zordan görýän maşgalalaryň merhuma hormatyny görkezmek üçin soňky puluny sarp edip, onsuz hem agry gününi kynlaşdyrýan pursatlary seýrek däl.

Türkmen hökümeti berk awtoritar dolandyryş astyndaky ýurduň syýasy durgunlylygyny durnuklylyk hökmünde görkezmäge çalyşýar.

Soňky 30 ýylyň dowamynda hakyky problemalaryň döwlet derejesinde ýaşyrylmagy çözgüde böwet bolýar. Ilat köpçüligi onlarça ýyl bäri üýtgemän, tersine agyrlaşýan ýagdaýda geljege bolan ynamyny we özgerişe umydyny ýitirýär.

Soňky ýedi ýylyň azyk gytçylygy halky ýurduň daşynda gazanç gözlemäge iterýär. Emma ýurduň içinde ilatyň kadaly ýaşamagy üçin şert döretmeýän türkmen hökümeti raýatlaryň ýurtdan çykmagyna hem böwet salýar.

Bu aralykda Azatlyk bilen ýaňy-ýakynda anonimlik şertinde söhbetdeş ýolan türkmenistanly syýasy türkmen jemgyýetinde syýasy ýadawlygyň soňky döwürde has-da göze ilýändigini belledi.Synçy 24-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň “taryhy mejlisinde” düşürilip, döwlet telewideniýesinde efire berlen wideo şekilleriň hem “türkmen raýatlarynyň hem öz ýadawlyklaryny indiden beýläk gizläp bilmeýändiklerini” görkezendigini belläp, hatda saýlanyp-seçilen gatnaşyjylaryň hem örän biparh görünendigine ünsi çekdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda maşgalanyň öz öýünde öldürilmegine degişli täze maglumatlar belli boldy
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Adylbek Kasymaliýew Gyrgyzystanyň täze Premýer-ministri boldy
Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysyny sowgat etdi
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy