Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasy

Adamlar, buşluk, kelläme bir ajaýyp ideýa geldi! Bu ideýa bizi diňe sebitde iň tozan ýurt bolmakdan halas etmän, eýsem ýene bir gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizip biler.

Dogry, men boýun alýaryn, ýagdaýymyz agyr: ozaly nebit-gaz nyrhlarynyň global arzanlamagy, soň milliardlarça dollara durýan ýykgynçylykly proýektler, mekdep-magaryfa, hünärli kadrlaryň ýetişmegine şahsyýet kulty, çäreler we korrupsiýa toplary bilen urlan zarbalar bizi sözüň göni manysynda gyrgynçylyga saldy, aman galanlary bolsa agyr ýaralady.

Iň ýamany bolsa, bu toplar henizem durman, haýallaman atylýar, bizi we çagalarymyzy öldürýär, ýaralaýar…

Käbirleri bu toplardan öýünde bukulyp sypjak bolýar, käbirleri halky topa tutýanlara goşulyp, aman galmaga çalyşýar, käbirleri bolsa daşary ýurtlara gaçýar.

Ýöne bularyň hiç biri hakyky çykalga däl, aýdyp-diýip durmasak-da, muny biziň hemmämiz bilýäris. Sebäbi biz öz durmuşymyzyň soňky 26 ýylda ýyl-ýyldan agralyşyny, türmä basylýanlaryň köpelişini, döwlet resmilerine berilmeli paranyň möçberiniň artyşyny… bilmez ýaly beýle samsyk däl. Dogry, biz bulary bilmedik bolmaly, bu “bagtyýarlyk” oýnunyň esasy şerti.

Gepiň keltesi men oýlandym, kelle döwdüm: “hudaý üç gapyny ýapsa, bir gapyny açarmyş, emma ol açyk gapyny görmek gerekmiş” diýdim. Diýşim ýaly, açyk gapy bar eken. Dogrusy, Ogulabat ejäniň üsti bilen dert beren hudaý bize Ogulabat ejäniň eli bilen derman hem beripdir!

Boýun alaýyn, plagiatlyk bolmasyn, bu beýik ideýanyň çigidini ýa tohumyny meniň beýnime ajaýyp bagşymyz Jemal Saparowa taşlady. Ýadyňyzdadyr, ondan bäri köp wagt geçenok, Jemal bagşy korrupsiýa garşy kampaniýada sözlän joşgunly sözünde “Gahryman Arkadagy” dünýä beren Ogulabat eje hakynda hem durup geçdi, ýagny onuň şindem alaja örüp, ýurduň ogly tarapyndan çökerilen ykdysadyýetini dikeltmek üçin işläp oturandygyny, bütin halka görelde görkezýändigini aýtdy.

Elbetde, bu gürrüň maňa ilki nobatdaky ýaranjaňlyk ýa-da gory gutaran ýaranjaňyň başga zat tapman ýapyşan soňky sypaly bolup hem göründi.Emma soň seredip otursam, onuň arkasynda berk ykdysady hasaplamalar, dünýäniň bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna inçeden düşünmek ýatan eken (Sag bol, Jemal bagşy, men seniň wagtynda Oba hojalyk institutynda okanyňy eşidipdim, bisowat we neşekeş toý bagşylaryndan bir basgançak ýokarda durýanyňy bilýärdim!).

Jemal bagşynyň Ogulabat ejeli we alajaly pikiri meni soňky on ýylda sogany hem import edip iýýän halkymyzy ykdysady krizisden çykarmagyň aňsatja ýoluna alyp geldi, adamlar! “Hormatly Prezidentimiziň” hem tekrarlaýşy ýaly, biz bu agyr krizisden importyň ýerini tutýan, şol bir wagtda daşary ýurtlara iberip boljak geçginli harytlary öndürip çykmaly.

Emma bu dilde aňsat.Bizde sowatly kadrlar, ýokary hünärli işçiler, bäsleşige ukyply tehnologiýa ýok. Üstesine, “Hormatly Prezidentimiziň” alyp barýan ykdysady syýasaty adamlaryň el-aýagyny daňýar.Netijede biziň ýurdumyz esasan çig mal bazasy bolup galmagyny dowam etdirýär we importy azaldyp, eksporty köpeltmek, Arkadag otursa, başa barmajak arzuw bolup görünýär.

Emma Jemal Saparowanyň Ogulabat ejeli we alajaly ideýasyna gelsek, bu ýerde bir böwsüş mümkin, adamlar.Gönüläýin, biz daşary ýurtlara “Ogulabat” markaly alaja eksport etmeli. Ýöne munuň üçin ozaly rus, iňlis we hytaý dillerinde ol alajanyň reklamasyny taýýarlamaly. Özem ol reklamada ilki Ogulabat ejäniň alajalarynyň iň ukypsyz adamy hem ähli-bela beterlerden gorap, milliarder etmek gudratyny nygtamaly.

Dünýede näme kän, aňsatja milliarder bolasy gelýän kän.Biziň alajamyz bolsa, tejribeden görnüşi ýaly, şeýle gudrata eýe bolan ýeke-täk tapyndy we açyş!

Göz öňüne getiriň, pagta meýdanlarynda sülük barmaklary gan-gabarçak bolan, bili maýrylan gelin-gyzlarymyz öýde, kresloda oturyp günde birki sany alaja örer, olary dünýäniň ähli ýurtlary satyn alar, biz altyn pula çümeris we ş.m.

Eger-de biz bu ideýany durmuşa geçirip bilsek, 26 ýyllyk agyr syýasy-ykdysady krizisden alaja bilen çykan ilkinji millet hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna gireris, adamlar. Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek bolsa, biz üçin çagalarymyzyň geljeginden hem gowy ahyryn!?.

Wäşi Köşüli, Aşgabat.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Tegelek stol söhbetdeşligi
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY ATLY KITABY ESASYNDA
Milli mirasymyz buýsanjymyz
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
Türkmenistanyň taekwondo ýygyndysy Merkezi Aziýanyň birinji çempionatynda 10 medal gazandy