Twitter sosial ulgamyny esaslandyryjy Jek Dorsi adybir kompaniýanyň baş müdiri wezipesinden gidýändigi barada habar berdi. Ol gitmek baradaky kararyny özüniň Twitter sahypasynda tassyklady diýip, TASS habar berýär.
Şol bir wagtyň özünde, Dorsiniň kompaniýanyň paýdarlarynyň 2022-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky duşuşygyna çenli müdirler geňeşinde agzalygyny saklajakdygy bellenilýär. “Şondan soň men ol ýerden hem çykaryn” diýip, Dorsi aýtdy.
Twitter ulanyjylara gysga habarlary alyşmaga, pikir soraşmalary guramaga, suratlary we wideolary neşir etmäge mümkinçilik berýän sosial ulgamdyr.Ol Odeo amerikan kompaniýasynyň işgärleri Jek Doris, Noa Glass, Ewan Uilýams we Biz Stoun tarapyndan döredildi.
Doris ondaky ilkinji habary (“Ýöne bir öz Twitterimi sazlaýaryn”) 2006-njy ýylyň 21-nji martynda neşir etdi.Ol bu neşiri şu ýylyň mart aýynda auksionda biri-biriniň ornuny tutmaýan token görnüşinde (NFT) 2,9 mln dollardan gowrak baha satdy.
Dorsi Twitteriň baş müdiri wezipesini 2006-njy ýyldan 2008-nji ýyl aralygynda eýeledi we oňa 2015-nji ýylda gaýdyp bardy. “Forbes” žurnaly onuň baýlygyny 11,8 mlrd dollar bilen bahalandyrýar. Şu ýylyň üçünji çärýegindäki maglumatlar boýunça, tutuş dünýäde her gün ortaça 211 mln adam Twitterden peýdalanýar.