Jeffri Paýett: Hazar sebiti Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda uly rol oýnaýar

Jeffri Paýett: Hazar sebiti Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda uly rol oýnaýar

Hazar sebitinden gelýän tebigy gaz Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde aýgytly rol oýnaýar. Bu barada ABŞ-nyň Energiýa serişdeleri boýunça Döwlet departamentiniň döwlet sekretary Jeffri Paýett Nýu-Ýork şäherindäki Caspian Polcy Center tarapyndan guralan üçünji Hazar işewürlik forumynda belläp geçdi.

Şu günki forumda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň köpüsi, howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerini çözmek bilen birlikde global energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin bilelikde işleşip biljekdigimiz barada boldy. Hazar sebitiniň tebigy gazy Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda aýgytly rol oýnaýar. Günorta gaz koridory munuň aýdyň mysaly bolup, sanly hyzmatdaşlyk we tehnologiki innowasiýa täze derejelere ýetip boljakdygyny görkezýär diýip, Trend Jeffri Paýettiň sözlerine salgylanýar.

Ýeri gelende bellesek, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň iň öňdäki alty ýurdunyň deň ýarysy (Russiýa, Eýran we Türkmenistan) Hazaryň kenarynda ýerleşýär. British Petroleum kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Hazarýaka döwletler tarapyndan jemi 1 trillion 100 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykarylypdyr.

Ýene degişli makalalar

Hazar sebiti Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda aýratyn ähmiýete eýe
2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Wekiller palatasynyň täze spikeri
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Döwlet sekretaryny kabul etdi
TÜRKMENISTAN ABŞ: HYZMATDAŞLYGYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI
Raşid Meredow ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň tekliplerini hödürledi