Brand Keys konsalting kompaniýasynyň ulanyjylar bilen geçiren pikir soraşmalarynyň jemi boýunça Jeep ABŞ-da iň watanperwer brend diýip atlandyryldy. ABŞ-yň 18-65 ýaş aralygyndaky ilatynyň jemi 5804 sanysyndan pikir soraşyldy, olaryň 1172-si brende gowy baha berdi. ABŞ-nyň iň watanperwer ulag kysymlarynyň sanawynda Jeep-iň 20 ýyldan bäri birinji orny eýeläp gelýändigini bellemek gerek.
Jeep-den soň ikinji ýerde Disney kompaniýasy barýar. Amazon bilen Walmart üçünji ýerde, Coca-cola - dördünji, American Express we Ford bolsa bäşinji ýerdedir. Mundan hem başga, sanawda 20-nji orny eýeleýän Harley-Davidson motosikliniň öndürijisini tapawutlandyrmak mümkin. Ynha, Tesla welin, geçen ýyl 30-njy ýeri eýelänem bolsa, 2022-nji ýylda bu watançylyk sanawyndan düşüpdir.
Brand Keys-iň 2022-nji ýylda iň watanperwer brendleriniň sanawy: