Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri

Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri

12-nji noýabrda Türki Döwletler Guramasynyň (öňki ady: Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi Türki Geňeş) Stambulda geçirilen VIII sammitinde eden çykyşynda Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýip Erdogan gurama agza ýurtlary “dil, düşünje we amal birliginden” ugur alyp, özara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy.

Aslynda, Erdoganyň türki döwletleriň arasynda öňe sürýän "dil, düşünje we amal birligi" düşünjesi post-sowet giňişlikde ýaşaýan türki halklar üçin keseki däl.

Türki halklaryň arasynda “dil, düşünje we amal birligi” adalgasyny ilkinji bolup, görnükli tatar ýazyjysy, neşirýatçy we magaryfçy Ysmaýyl Gaspyraly orta atdy.

XX asyryň başlarynda türki halklaryň arasynda “milli oýanyşyň”, “täzeçilligiň jeditçiligiň” simwolyna öwrülen tatar ýazyjysy türki dilli giňişlikde täze bir akymyň, täzeçilligiň - jeditçiligiň simwolyna öwrüldi.

Megerem, türk prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Türki Döwletler Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda Gaspyralynyň "dil, düşünje we amal birligi" ýörelgesine salgylanmagy tötänlik däldir.

Ylmy we edebi çeşmelere görä, Ysmaýyl Gaspyraly (Ysmaýyl Gasprinskiý) hususan-da Rus imperiýasynyň düzümine giren türki dilli halklaryň intelligensiýa wekilleriniň arasynda jeditçilik akymynyň öňbaşçysy hökmünde tanalypdyr.

Eýsem, jeditçilik akymynyň maksady nämedi? Bu akym haçan we nähili şertlerde döredi? Haýsy giňişliklere täsir etdi? Nähili yz galdyrdy? Jezit wekilleriniň soňky täleýi nähili boldy? Türkmen intelligensiýa wekillerinden kimler jezitçilikde tanaldy?

Dünýä Türkmenleri programmamyzyň bu sany XX asyryň başlarynda jeditçilik akymynyň türkmen giňişligindäki täsirinden söhbet açýar.

Ysmaýyl Gaspyraly häzirki Ukrainanyň Krym ýarymadasynda 1851-nji ýylda eneden dogulýar.Ol Patyşa Russiýasynyň çäginde medresede başlangyç bilim alýar, soňra Simferopolda, Woronežde we Moskwada harby bilim alýar.Gaspyraly 1871-nji ýylda Pariže barýar, ylym işlerini kämilleşdirýär, fransuz dilini öwrenýär, meşhur rus ýazyjysy Iwan Turgenýewiň ýanynda ýardamçy bolup işleýär.

Iki ýyl soň, Kryma dolanýar, 1883-nji ýylda rus häkimiýetlerinden rugsat alyp, Krymyň Bakjasaraý şäherinde “Terjüman” (Terjimeçi) gazetini esaslandyrýar.Gazet türk we rus dillerinde çap edilýärdi.

Gaspyraly öz makalalarynda musulman türk halklarynyň arasynda täzeçillige, köne düşünjelerden, yzagalaklykdan halas bolmaga, aň-düşünjede we medeniýetde täzeçillige, köneçilligi taşlamaga, dünýewi bilimlere üns gönükdirmäge çagyryş edýärdi. “Terjüman”, köplere görä, Krymda tatar renesansynyň öwüşgini boldy. Gazet otuz ýyldan gowrak ömür sürdi.

Gaspyraly ýazuw işleri bilen bir hatarda magaryf ulgamynda hem täzeçillige girişýär.Ol 1893-nji ýylda Bakjasaraýda “Usul-i Jedit” gyzlar mekdebiniň açylmagyna ýardam berýär. 1905-nji ýylda Rus imperiýasynyň çäginde ýaşaýan türki dilli okyjylara niýetlenip, Gaspyralynyň başlangyçlary bilen, “Alem-i Niswan” (Zenan dünýäsi) atly ilkinji aýallar žurnaly çap edilýär.

Munuň yz ýany, rus patyşalygynyň çäginde ýaşaýan türki dilli halklara niýetlenip, çagalar üçin “Alem-i Sibýan” (Çagalar dünýäsi) žurnaly çap edilip başlanýar.

Gaspyralynyň başlangyçlary we eserleri Rus imperiýasyna garaşly türki halklaryň arasynda uly goldaw tapýar. Onuň öňe sürýän täzeçilligi, medeni reformasy, aň-düşünje öwrülişigi Merkezi Aziýada ýaşaýan türki milletleriň arasyna-da aralaşýar.

20-nji asyryň başlarynda Rus imperiýasynyň düzümine girýän türki halklaryň arasynda edebiýatda, medeniýetde hatda syýasatda öz beýanyny tapyp başlan täzeçillik jeditçilik Merkezi Aziýa sebitiniň magaryf giňişliginde üýtgedip gurmalara, reformalara, şol sanda elipbiý reformalaryna ýol açýar.

Jedit hereketiniň intelligensiýa wekilleri musulman mekdeplerinde bilim sistemasyny üýtgetmegi, täze ulgamlary ornaşdyrmagy, dil öwrülişigini, sebitde täze mekdepleri, neşirýatlary, teatrlary, jemgyýetçilik hem-de medeni institutlary döretmegi maksat edinýärdiler. Jeditler bu gurallaryň üsti bilen Türküstan giňişliginde, şol döwürler, 20-nji asyryň başlarynda, jedit ynanjyna görä, türki halklaryň arasynda ýoň bolan yzagalaklygy ýeňip geçmegi maksat edinýärdi.

Türkiýede, Kawkaz ýurtlarynda, krym taralarynyň arasynda, galyberse-de, häzirki Özbegistanda, Gazagystanda we sebitiň beýleki ýurtlarynda, 100 ýyl gowrak mundan ozal täze akym, aň öwrülişigi, jeditçilik hereketi kemala geldi.

Jedit hereketiniň türkmen intelligensiýa wekilleriniň arasynda belli ýazyjylar, magaryfçylar, dilçiler we alymlar bolan Abdylhekim Gulmuhammedowy, Kümüşaly Böriýewi, Seýitmyrat Öwezbaýewi, Muhammet Geldiýewi, Orazmämmet Wepaýewi, Berdi Kerbabaýewi, Garaja Burunowy, Mollamurty, Durdy Gylyjy, Körmollany, Şemseddin Kerimini, Muhametguly Atabaý ogluny we başga-da ençeme görnükli şahsyýeti agzamak mümkin. Ýöne esasy jedit akymy boýunça ýazylan daşary ýurt ylym işlerinde täzeçilligiň türkmen wekilleri barada, dogrusy, az agzalýar.

Şol bir wagtda, 20-nji asyryň başlarynda dünýäniň syýasy kartasy ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeýärdi.Rus imperiýasy ýykylyp, sowet režimi esaslandyrylandan soňra, jedit hereketiniň belli-meşhur agzalary milletçilikde, panturkizmde we turançylykda aýyplanyp, tussag edildi, sürgüne iberildi, ýa-da atlyp öldürildi.

Sowet giňişliginde 30-nji ýyllaryň Stalin terrory jedit hereketiniň wekillerine-de agyr zarba urdy.Jedit täzeçilliginiň ornuny sowet modernizmi eýeledi.Sebitde täzeçillik, belki-de, dowam etdi, ýöne sowet heňinde, sowet ideologiýasy esasynda, sowet talaplary boýunça dowam etdi.

Belki-de, şol döwürlerden bäri, henize çenli sebitde milletçilikde aýyplanmak gorkusy, türki raýdaşlykdan çetde galmak meýilleri dowam edýän bolmagy ahmalmy?

Türkmen jedit hereketiniň wekilleri esasan Buharanyň medreselerinde başlangyç bilim alypdyrlar, soňra olaryň ençemesi ösen daşary ýurt şäherlerinde, Sankt Peterburgda, hatda olaryň käbir Stamulda bilim alypdyrlar.

Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally häzirki Türkmenistanda jedit hereketiniň döreýşi, şol döwrüň taryhy zerurlyklary barada gürrüň berýär:

“Ilki bilen jeditçileriň öňe çykmagynyň taryhy zerurlygy: Şol adamlaryň ählisinde täze Türkmenistan döwletini döretmek höwesi bolupdyr. Her nähili bolsa-da, her niçik kyn hem bolsa, biz hökman Türkmenistan döwletini döretmeli diýip, öňe çykypdyrlar. Olar şol maksatlaryna-da gaty çalt ýetip bilipdirler” diýip, türkmen ýazyjysy gürrüň berdi.

Jeditçi türkmen ýazyjy-şahyrlary, ozalam belleýşimiz ýaly, täzeçillige, ylym öwrenmäge, köneçillikden halas bolmaga, medeni reformalara çagyryş edýärler.

Elbetde, iň öňde baryjy türkmen jeditçileri barada aýdylanda belli magaryfçy, ýazyjy we şahyr Abdylhekim Gulmuhammedow barada gürrüň etmezlik mümkin däl.Gulmuhammedow 1880-nji ýyllaryň ortalarynda häzirki Halaç etrabynyň Akdere obasynda dünýä inýär.

Ol ilki öz obasynda, soňra Gyzylaýak medresesinde, has soňra bolsa Buhara medresesinde bilim alýar. Ýöne ol din ugrunda däl-de, dünýewi ylymlarda kämilleşýär.Gulmuhammedow 1910-njy ýylda Türkiýä gidip, Stambulyň Darülfünun uniwersitetine okuwa girýär.

Soňra ol syýasy işlere-de gatnaşýar, görnükli osmanly harbysy we syýasatçysy Enwer Paşa bilen tanyşýar.Gulmuhammedow barada türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally şeýle gürrüň berdi:

“Gulmuhammedow diýlen adam Türkmenistanyň taryhyna ilkinji magaryfçy hökmünde girýär.Sebäbi ol magaryf ministri bolupdyr, hem-de aň-bilim meselesine örän ýiti täsir edipdir. Ýöne soňra ol adamy soňra daşary ýurda gaçmaga synanyşdy diýlen bahana bilen serhet ýakasynda, aýdyşlaryna görä, Pöwrüzäniň töwereklerinde bir ýerde, serhet ýakasynda atyp öldüripdirler.

Gulmuhamedowdan birnäçe edebi miras galdy. Şol sanda onuň ýazan goşgulary bar.Goşgulary, elbetde, şygar ähmiýetli.Geliň bilim alalyň, geliň öz döwletimizi döredeliň!’ diýen ýaly. Şonuň bilen birlikde, ol belli magaryfçy, magaryf işlerini ilkinji ýola goýanlaryň biri. Şeýle-de, öňki türkmen elipbiýsini, türkmen halkynyň öňki ulanyp gelen arap elipbiýsini jeditleşdiren, ýagny täzeleşdiren awtorlardan biri.

Gulmuhammedow barada Azatlyk Radiosyny esaslandyranlaryň biri Aman Berdimyradow alymlyk işini gorady.Ol işi Amerikada amala aşyrypdyr, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda. Şol elinde bar bolan çeşmeler esasynda-da alymlyk dissertasiýasyny gorapdyr.

Aman aga Gulmuhammedow barada uly iş etdi. Ýöne, gynansak-da, Türkmenistanyň taryhynda Gulmuhammedow beýle bir öwrenilenok.Sebäbi, ol milletçi diýlip, kommunistler döwründe ýazgarylyp gelindi, tä Türkmenistan garaşsyzlygyny alýança.

Eýsem, Gulmuhammedow kim?Gulmuhammedow Buharadaky dini medresäniň uçurymy. Şol sanda, biziň uly ýazyjymyz Berdi aga, Berdi Kerbabaýew hem öz döwründe Buharada okuw okapdyr.Gulmuhammedowyň bir aýdan sözi bar.

Häzir döwür özgerdi, häzir halklaryň arasynda ägirt uly galkynyş barýar, ruslaryň arasynda, tatarlaryň hem beýleki milletleriň arasynda uly galkynyş barýar.Biz şu ýagdaýdan peýdalanyp, Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny gazanmaly diýýär.

Biz şol ugurda çalyşmaly diýipdir.Biz galan ähli ukybymyzy, ähli güýjümizi, Türkmenistan döwletiniň döredilmegi ugrunda sarp etmeli’ diýip aýdypdyr.Ine, ol şol sözüne-de gaýdyp gelipdir. Şonuň bilen birlikde magaryf işinde, halkyň aň-bilime gelmegi işinde gaty köp iş edipdir’ diýip, türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally gürrüň berdi.

Ýazyjy türkmen jeditçileriniň hatarynda Mollamurty hem mysal getirdi. Onuň sözlerine görä, Mollamurt “Türkmenistan” gazeti ilkinji açylanda, şeýle-de “Tokmak” žurnalynda döredijilik bilen meşgullanypdyr. Mollamurt şahyrçylyk bilen bir hatarda suratkeşlik bilen hem meşgullanypdyr. Häzir Mollamurtyň edebiýat okuw kitaplaryndaky portretiniň awtory onuň özi ekeni. Edebiýat kitaplaryndaky Mollamurt portreti awtoportret ekeni.

Türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Berdi Kerbabaýewi, suratkeşlerden Bäşim Nuralyny, jedit harby wekillerinden, şol bir wagtda syýasatçylardan Seýitmyrat Öwezbaýewi mysal getirdi.

Türkmen jeditçileriniň tagallalary bilen 1920-nji ýyllaryň ahyrlarynda Türkmenistanyň ilkinji latyn elipbiýsi kabul edildi.

Türkmen jeditçileri barada gürrüň edilende, esasan türkmen topragynyň rus patyşalygynyň düzüminde Türküstan general-gubernatorlygynyň ygtyýarynda bolan döwründe önüp-ösen we bilim alan, hem eserleri bilen yz galdyran şahsyýetler barada gürrüň edilýär.

Meselem, 1885-nji ýylda şol wagtky Zakaspiý oblastynyň Aşgabat uýezdine degişli Nohur obasynda dünýä inen Muhammet Atabaý ogly 1905-nji ýylda Bäherdeniň ýerli mekdep-internatyny tamamlaýar. Ol 1908-nji ýylda Daşkentde üç ýyllyk mugallymçylyk kursuny tamamlaýar, soňra Sankt Peterburgda tomusky mugallymçylyk kursuny okaýar.

Ol 1914-1915-nji ýyllarda “Ruzname-i Mawera-i Bahry Hazar” gazetinde we “Zakaspiýskaýa Tuzemnaýa gazetada” işläp başlaýar. 1916-njy ýylda Nohur obasynda ilkinji jedit mekdebini açýar.

“Ýatma gapyl / Aç gözüňni / Gitmegil akmak söze / Bilgil hökman: / Müň iş geler başymyza / Ylymsyzlykdan bize” diýip, Atabaý ogly adamlary ylym öwrenmäge çagyrypdyr.

Galyberse-de, jeditçileriň işlerinde “oýanmak” temasy, milleti gapyllykdan “oýanmaga, oýanyşa çagyryş” möhüm orun eýeläpdir.

Ýöne ykbal jeditçileri aýap goýmandyr. Olar sowet režiminiň kök alyp, güýçlenmegi bilen ilki ýeke-ýekeden, soňra hatda köpçülikleýin tussag edilipdirler, sürgün edilipdirler, ýa-da atylyp öldürilipdirler.

“Şol adamlaryň köpüsini ýok edipdirler.Yzly-yzyna, şol 1928-nji ýyldan başlap, meselem, Gulmuhammedowy daşary ýurda gaçjak boldy diýip, atyp öldüren bolsalar, Öwezbaýewi şonuň yz ýanyndan türmä atypdyrlar.

Ol türmede ýok bolupdyr.Hatda Geldiýew diýip, bir dilçi alymy, ilkinji türkmen dilçisini, ol 1932-nji ýylda öz ajalyndan ölýär, öz ajalyndan, ýagny ajaly ýetip ölýär öz derdi bilen, şony-da soňra halk duşmany’ diýip, ölenden soň garalapdyrlar.

Ine, soňky kommunistler şol ýagdaýlardan gaty ýowuz öç aldylar” diýip, Hudaýberdi Hally aýtdy.

Belli türkmen edebiýatçysy, şahyr we ylym işgäri Abdylhekim Gulmuhammedow 1931-nji ýylda sowet häkimiýetleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Belli magaryfçy we şahyr Orazmämmet Wepaýew 1930-njy ýylda Eýrana sygynandan soňra, sowet gizlin polisiýasy (OGPU) tarapyndan aldaw ýoly bilen Türkmenistana gaýtarylyp getirildi we 1932-nji ýylda türme tussaglygyna höküm edildi. Ol Türkmenistan döwletiniň esaslandyrylmagynyň 13-nji ýyl dönüminde, 1937-nji ýylyň 27-nji oktýabr güni sowet türmesinde atylyp öldürildi.

Türkmen dil biliminiň düýbüni tutanlaryň biri bolan dilçi alym Kümüşaly Böriýew milletçilikde aýyplanyp, 1932-nji ýylda 10 ýyl möhlet bilen sowet häkimiýetleri tarapyndan türme tussaglygyna höküm edildi, dürli çeşmelere görä, 1942-nji ýylda atylyp öldürildi.

1928-nji ýylda Kümüşaly Böriýew bilen bilelikde Türkmen diliniň ilkinji latyn elipbiýsini taýýarlan dilçi alym Muhammet Geldiýew milletçilikde we pantürkizmde aýyplanyp, bolşewikler tarapyndan “halk duşmany” yglan edildi we ahyrsoňy, yzarlamalara çydaman, 1931-nji ýylda, dürli maglumatlara görä, awy içip, öz janyna kast etdi. Ýazyjy Hudaýberdi Hallynyň çaklamalaryna görä, Geldiýew öz ajalyna ölüpdir.

Dilçi alym Allaguly Garahanow 1931-nji ýylyň fewralynda sowet häkimiýetleri tarapyndan atylyp öldürildi.

Dramaturg Şemseddin Kerimi Kakanyň bir mekdebinde belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow dagylar bilen bile okaýardy, soňra Sankt-Peterburgyň Gündogary öwreniş institutynda Abdylhekim Gulmuhammedow, Abdylla Geleňow dagylar bilen bile ylym öwrendi.

Edebiýatçy 1931-nji ýylda milletçilikde aýyplanyp, üç ýyl möhlet bilen Özbegistana sürgün edildi.Sürgün edilenleriň arasynda Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow dagylar hem bar ekeni.Jeditçi dramaturg Kerimi 1937-nji ýylyň awgustynda NKWD-niň karary bilen 44 ýaşda atylyp öldürildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Görnükli gündogarşynasyň türkmenler barada gündeliginde galdyran ýatlamalary
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
“Gülle medeniýetim sungatym meniň”
“Magtymguly Pyragy - ynsan kalbynyň öçmejek nury”
Çeker 'gazamadyndaky' golýazmalara türk-terjime çykalgasy, has uly bazar 'açylýar'