Jebelde 12 müň tonnadan gowrak baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy

Jebelde 12 müň tonnadan gowrak baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Derýaplastik hojalyk jemgyýetiniň bilelikde döreden Türkmen kaolin açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ýokary zähmet üstünligi gazanylýar.

Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli baýlaşdyrylan kaolin önümhanasynyň durky doly döwrebaplaşdyrylyp, ol ýerde düýpli abatlaýyş-bejeriş işleri geçirildi. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli baýlaşdyrylan kaoliniň 20 müň tonnasyna barabar bolan bu önümhana daşary ýurtlaryň kämil enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün edildi. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Türkmen kaolin açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň täze döwrebap önümhanasynda şu ýylyň geçen ýedi aýynda 11 müň 666 tonna derek 12,5 müň tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi.

Häzirki wagtda baýlaşdyrylan kaolin keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliginde çig mal hökmünde giňden ulanylýar.Täze döredilen açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu önümi içerki bazarlaryň sarp edijilerine yzygiderli ugradylýar.

Ony ýakyn geljekde daşarky bazarlara çykarmak ugrunda-da anyk işler alnyp barylýar.Mälim bolşy ýaly, kaolin magdany dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär.Ol düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejiklerini saklaýar.

Täze önümhana üçin zerur çig mal Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa obasynyň golaýyndaky känden gazylyp alynýar.

Ýene degişli makalalar

Ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlanyldy
Türkmen kaolin açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenabat halkara howa menziliniň ýangyç beketleri heniz hem doly işe girizilmedi
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy