'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy

'Jazz töwerekleri' - aşgabatly saz muşdaklary üçin saz gezelenji guraldy

Jazz sazynyň ýene bir konserti 8-nji iýulda Aşgabatdaky "Mukamlar köşgünde" geçirildi. "Jazz töwerekleri" atly aýdym-saz çäresi 1930-njy ýyllardan şu güne çenli wagt aralygyna degişli jazz eserlerini öz içine aldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Aşgabatdan habar berýär.

Konsert 1976-1981-nji ýyllarda "Howa hasabaty" (Weather Report) fýuzn toparynyň kompozitory we solisti bolan "iň beýik bas-gitarist we diwana zehin" diýlip tanalýan Žako Pastoriusyň meşhur instrumental kompozisiýalary bilen hem başlandy, hem-de tamamlandy.

Geçen asyryň 30-njy ýyllaryndan häzirki güne çenli jazz tolkunlarynyň üsti bilen guralan gezelenç, konsertiň dowamynda pianodan aýrylmadyk köp zehinli Wladimir Mkrutumow tarapyndan geçirildi.

Konsertiň barşynda "Jazz standartlary" şeýle-de häzirki zaman kompozisiýalar ýaňlandy.

Aşgabatly jazz topary konsertiň başynda "Jüýje" ("The Chicken"), we soňunda "Guşlaryň mekany" ("Birdland") atly eserleri ýerine ýetirdi. Kompozisiýanyň ahyrynda, awtor tarapyndan göz öňünde tutulan tomaşaçylaryň el çarpmagy, konsertiň ahyrynda güýçli el çarpyşmalara öwrüldi.

Aýry-aýrylykda we duet bolup çykyş eden Maýsa Nyýazowa we Döwran Şammyýew konsertiň işjeň solistleri-aýdymçylary boldular we meşhur eserleri ýerine ýetirdiler.

Her aýdymyň öz gyzykly hekaýasy bar. Ýöne tomaşaçylara hödürlenen eserleriň arasynda Maýsa Nyýazowanyň ýerine ýetiren "Ýaňak ýaňaga" ("Cheek to Cheek") ýaly meşhur aýdymlary hem boldy.

Bu eser ilkinji gezek 1936-njy ýylda "Silindr" atly holliwud filminde ýaňlandy we Fred Aster bilen Jinjer Rojers tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu meşhur çykyş, "Kairiň gyrmyzy güli we “Ýaşyl milýa” atly meşhur filmlerde sitirlendi. Irwing Berliniň rowaýata öwrülen bu aýdymy, Frank Sinatra tarapyndan ýerine ýetirilenden soň has ulu meşhurlyk gazandy we köp sanly görnüşde ýerine ýetirildi.

Konsertde hödürlenen "Jazz standartlary" Maýsa Nyýazowanyň ýerine ýetiren Riçard Rojersiň 1937-nji ýyldaky "Meniň gülkünç söýgülim" ("My funny Valentine") aýdymyny öz içine alýar. Bu aýdym Frank Sinatranyň, Barbara Streisandyň we beýleki meşhur ýerine ýetirijileriň repertuarynda bolupdy.

Babaguly Goşaýew surnaýda solo ýerine ýetirdi.

Döwran Şammiýewiň ýerine ýetiren meşhur hitleriniň arasynda 1969-njy ýylda Çikagoda döredilen "Ýer, howa we ot" ("Earth, Wind &Fire") atly saz toparynyň repertuaryndan meşhur "Sentýabr" aýdymy boldy.

Döwran Şammyýew iňlis dilindäki hitlerden başga-da rus aýdymçysy Alekseý Çumakowyň repertuaryndan "Şu ýerde we ol ýerde" ("Тут и там") atly aýdymyny ýerine ýetirdi.

Jübüt hökmünde ýerine ýetirilen aýdymlaryň arasynda Jorj Gerşwiniň "Porgy we Bess" operasyndan "Klaranyň hüwdüsi" ("Sammertime") eseri tomaşaçylar tarapyndan aýratyn kabul edildi.

Ýöne Nury Halmamedowyň “Aýnanyň hüwdüsi” eseri konsertiň esasy aýdym-saz çäresine öwrüldi. Jazz toparynyň we Kakajan Hudaýberdiewiň ​tüýdükde we saksofonda solo ýerine ýetiren özboluşly çykyşy eseriň etno-jaz görnüşidi.

8-nji iýulda Aşgabatda geçirilen konsert paýtagtda jazza bagyşlanan ikinji aýdym-saz çäresidir. 4-nji we 5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň "Mukamlar köşgünde" tomaşaçylardan doly zalda “Jazz öwüşgünleri” atly konsert geçirildi.

Habarçynyň habar berşi ýaly, "Aşgabatda jazz muşdaklarynyň şeýle köpdügi" guramaçylary geň galdyrypdyr.

Häzirki wagtda konsertler Milli medeni merkeziň "Mukamlar köşgüniň" abraýly zalynda barha köp geçirilýär.

"Mukamlar köşgüniň diňe bir häzirki zaman arhitekturanyň ýapyk ýadygärligine öwrülmän, eýsem has janlanýandygy diýseň begendirýär" -diýip, habarçy aýdýar.

Koronawirus çäklendirmeleriniň ýeňilleşdirilmeginden soň, Aşgabatda dürli aýdym-saz žanrlaryna bagyşlanan birnäçe konsert guraldy, şol sanda koronawirusyň ýaýramagynda ýanwar aýynda türkmen hökümeti tarapyndan girizilen birnäçe aýlyk gulplama sebäpli ýatyrylan aýdym-saz çäreleri geçirildi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda jazz konserti köp tomaşaçy jemledi 
Aşgabatda "Müň bir gijäniň" eserleri ýaňlandy
Aşgabatda Jaz we onuň töweregi atly konsert geçiriler
Aşgabatda jaz sazlarynyň konserti bolar
Ysraýyl Ýemendäki Elektrik Beketlerini, Porty we Nebit Desgalaryny Bombalady
Paşinýan: “Türkiýe Bilen Dialog Tapgyry Netijeli”