
Warner Brothers kinokompaniýasy 1992-nji ýylda surata düşürilen Janpena atly filme çalymdaş ýene bir filmi surata düşürmekçi.
Witni Hýuston bilen Kewin Kostneriň baş keşbi janlandyran bu film 400 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
360tv.ru-nyň Variety-e salgylanyp habar berşi ýaly, gaýtadan dikeldiljek filmiň edebi esasyny Metýu Lopes ýazar. Onuň Mirasdüşerler atly filmi hem öz döwründe uly meşhurlyk gazandy.