Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda Watançylyk temanyň öňe sürülmegi munda geçmiş taryha aýratyn orun berildi. Türkmen taryhyny giňden öwrenmek we ony halka ýetirmek indi diňe bir taryhçylaryň borjy bolman, heýkeltaraşlaryňam, nakgaşlaryňam, umuman her bir döredijilik adamyň mukaddes borjuna öwrüldi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Jandan eziz Watanym! atly sergi gurnaldy. Şekillendiriş sungat eserlerinden düzülen sergide halypa suratkeşleriň döreden eserleri görkezilýär. Sergide esasy orny söweşijileriň, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlaryň, harby gullukçylaryň portretleri eýeleýär.
Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýewgeniýa Adamowanyň Beýik Watançylyk urşunyň weterany Hydyr Orusowyň portreti we Ýakup Annanurowyň Lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Beýik Watançylyk urşunyň gahrymany Saçly Dursunowanyň portreti, suratkeşler Aşyr Ödäýewiň Ýalkabowyň portreti, Çary Öwwäýewiň Polisiýanyň polkownigi N.Baranowyň portreti ýaly ajaýyp eserlerde Watan goragçylarymyzyň keşplerini, durmuşy oý-pikirlerini eserlerinde görmek bolýar.