Jana şypaly miwe

Ownuk gara miweli, tikenli gyrymsy ösümlik bolan böwürslen, esasan, sowuk howaly daglyk ýerlerde ýabany ýagdaýda ösýär.Böwürslen tikenli gyrymsy agaç bolup, diş-diş ýapraklary bar.Bu ösümlik ýeriň üstünde ýazylyp ýa-da bir zada dyrmaşyp, ortaça 3-6 metrden, 9 metre çenli ösüp bilýär.

Böwürslen çöle, şor we tarp ýere çydamly bolup, topragy özleşdirmekde hem peýdalydyr.Ak-gülgüne ýa-da gyzyl gülleri bolan bu ösümlik owunjak däneli miwe getirýär.Böwürsleniň malina meňzeş garaja miwesi adam saglygy üçin juda peýdalydyr.

Megerem, böwürsleni halamaýan ýok bolsa gerek.Böwürsleniň adybir miwesi düzüminde glýukoza, fruktoza, C witamini, karotin, organik turşulyklary we tokoferol toplumyny saklaýar.Jana şypa beriji bu miwe böwregi, süýjüli diabeti, peşew haltasynyň kesellerini bejermekde ulanylýar.

Irki döwürlerde böwürsleniň ýapragyndan taýýarlanan melhemler deri kesellerinde: ýarany bitirmekde, demrewi bejermekde giňden ulanylypdyr.Böwürslenden taýýarlanan şerbet teşneligiňi gandyryjy häsiýete eýe bolup, aşgazan-içege ulgamynyň işine oňaýly täsir edýär.

Aterosklerozdan (damar daralmasy) ejir çekýänlere böwürslen iýmek örän peýdalydyr.Böwürslen gyzgyny peseltmek, dem alyş ýoly bilen bagly gaýry üzülmeleriň öňüni almak üçin hem ulanylýar. Ýapragynyň şiresi bilen garylan böwürsleniň sowuklamada, ganazlykda, içgeçmede oňyn täsiri bar.

Ýene degişli makalalar

Taha Akgül Bürünç Medal Aldy
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Halaçda tegelek haly dokalýar
Türkmenistanyň Prezidenti käbir häkimliklerde ýolbaşçy özgerdişlerini geçirdi
Abadan, asuda Bitarap Watan
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda