Jakartada döwlet gullukçylaryny öýlerinde işlemäge borçly etdiler

Jakartada döwlet gullukçylaryny öýlerinde işlemäge borçly etdiler

Indoneziýanyň paýtagtynda döwlet gullukçylarynyň ýarysyna golaýy öýlerinde işläp başladylar. Bu ýerli häkimiýetleriň ýollarda dyknyşyklary we howanyň hapalanmagyny azaltmak barada kabul eden çözgüdi bilen baglydyr diýip, MIR 24 ýazýar.

Şäheriň gubernatory Heru Budi Hartononyň buýrugyna görä, gullukçylaryň ýarysy öýlerinde işlärler, oktýabryň ahyrynda bolsa, olaryň sany 75 göterime çenli artdyrylar.

Bu görkezme hassahanalaryň, halas ediş we ýangyn gulluklarynyň, jemgyýetçilik ulagy ulgamynyň işgärlerinden beýleki ähli döwlet edaralaryna degişlidir.

10,5 millionlyk ilaty bolan Jakartada soňky günlerde howanyň hili ýaramazlaşdy. Howanyň seljermesini geçirýän Şweýsariýanyň kompaniýasy Jakartany dünýäde iň hapa howaly şäher diýip yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Indoneziýada Saparda Bolýar
Lawrow we Bruneýiň daşary işler ministri zenanlar hem-de erkekler barada degişdiler
Indoneziýa Garaşsyzlyk gününi täze paýtagtda baýram etmekçi
Geljekki paýtagtda Garaşsyzlyk güni bellendi
Papa Fransisk Indoneziýa Bardy
Prezident Erdogan Indoneziýa Bardy
Bali täze howa menzilini gurmakçy