Izmiriň adybir etrabynda ýerleşýän Konak meýdançasy şäheriň iň şowhunly ýerleriniň biridir. Izmire aýlanyp ýörkäň, bu taryhy merkeziň duşundan geçmezlik mümkin däl. Meýdança adyny bu ýerde häzirki günde hem görüp bolýan häkimiň ýaşaýan kaşaň jaýyndan alypdyr. Onuň daşky görnüşi 1980-nji ýylda geçirilen rejeleýiş işleriniň netijesi bolup durýar.
Meýdançadaky iň meşhur binalaryň biri hem Ýaly metjididir. Uly göwrümi bilen aýratyn tapawutlanmaýan bu desganyň binagärligi özüniň sekiz burçly görnüşi we mozaika bezegi bilen ünsi özüne çekýär. 1755-nji ýylda gurlan metjit baş binasynyň minara bilen birikdirilendigi bilen üýtgeşikdir. Onuň eýwanynyň mozaika bezegi üçin Kutahýadan getirilen plitalar ulanylypdyr.
Meýdançanyň merkezinde Izmiriň nyşany bolup durýan Sagat diňi seleňläp görünýär. 1901-nji ýylda soltan Abdulhamid II-niň tagta çykmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gurlan bu diňiň taslamasy franko-lewantiý binagäri Raýmond Şarl Pere tarapyndan işlenip taýýarlanypdyr. Osmanly binagärligindäki bu kaşaň desganyň belentligi 25 metre ýetip, binýadynda ýerleşdirilen mawritan nusgadaky 4 sany suw çüwdürimi bilen bezelipdir.
Meýdançanyň günorta bölegindäki Uniwersitet medeni merkezinde opera, sazçylyk akademiýasy we häzirki zaman sungat muzeýi ýerleşýär. Meýdançadan uzakda bolmadyk ýerde gadymy Kemeralty bazaryna aýlanyp bolýar. Ol dünýäde açyk asmanyň astyndaky baý taryhy we aşhana syýahaty üçin ýerleri bolan iri söwda merkezleriň biridir.
Izmire aýlanmak üçin ýene-de bir ajaýyp ýerleriň biri Taryhy Elewator binasy Mithatpaşa we Şehit Nihatbeý diýlip atlandyrylýan iki köçäni özara birikdirýär.Bu köçeleri 58 metrlik belentlik bölýär. 1907-nji ýylda ýewreý işewüri Nesim Lewi tarapyndan gurlan elewator etraplaryň arasynda amatly aragatnaşygy üpjün edipdir.
Ol häzirki wagtda hem şäheriň iň söýgüli ýerleriniň biridir.Elektrik energiýasynda işleýän Elewator özüniň syn ediş meýdançasyndan Izmiriň gözel görnüşini açýar.
Meşhur türk-fransuz artisti we aýdymçysy Dario Morenonyň hormatyna ady dakylan köçede gezelenç etmek bilen şäheriň gadymy gurşawyny, taryhy binalaryny, kiçijik köçelerini, şeýle hem Izmiriň ýene-de bir nyşany bolan Taryhy Elewator binasyny synlap lezzet alyp boýar.
“Izmir bu geçmişiň we döwrebaplygyň bir-birine sazlaşykly goşulyşýan şäheridir. Konak meýdançasy bu her bir jahankeşdäniň kalbynda gürrüňsiz yz goýýan ýerleriň biridir. Ol diňe bir baý medeni mirasy şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, şäher durmuşy bilen tanyşmagyň gaýtalanmajak tejribesini hödürleýär” diýip, “Biznes Türkmenistan” internet-neşiriniň habarçysy belledi.