Iýulyň birinji hepdesi iň yssy diýlip ykrar edildi

Iýulyň birinji hepdesi iň yssy diýlip ykrar edildi

Bütindünýä meteorologik guramasy iýulyň başynda synlamalaryň taryhyndaky iň yssy hepdäni hasaba aldy diýip, The Guardian neşirine salgylanýan Informburo.kz ýazýar.

Howanyň gury ýerde we ummanda rekord derejede gyzýandygyny hasaba alsaň, munuň ekoulgama we daşky gurşawa howply täsir edip biljekdigini aýdyp bolar diýlip, Bütindünýä meteorologik guramanyň beýanatynda aýdylýar.

BMG-niň wekilleriniň sözlerine görä, 2023-nji ýylyň iýuny synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy aý boldy. Alymlaryň pikiriçe, dünýäde howanyň şeýle ýokary derejede gyzmagyna Ýuwaş ummanyň ekwatorial bölegindäki El-Nino tebigy hadysasy, kömürturşy gazynyň dowamly howa taşlanýan galyndylarydyr howanyň üýtgemegi sebäp bolýar.

Emma işiň munuň bilen tamamlanmajakdygyny, ýagny El-Ninonyň heniz güýç toplaýandygyny we netijede, onuň täsiriniň şu ýylyň ahyrynda has-da özüni bildirjekdigini Bütindünýä meteorologik guramasynyň howa gullugynyň direktory Kristofer Hýuitt aýdýar.

Ýene degişli makalalar

20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Şrek-5 filminiň surata alnyşyna taýýarlyk başlandy
Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi
Hulusi Akar Antakýadaky NATO çadyr şäherçesiniň açylyşyna gatnaşdy
Hepdäniň täze animasiýalary