Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 46 million 586 ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, Türkiýäniň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda (SNGIZ) öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamid Singapuryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bahasy 950 müň manada deň bolan saryja goýnuň ýüňüni satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 14 million manada golaý bolan TNGIZT-de öndürilen nebit koksuny we bitumy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, el halylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.