Iýul IV hepde: TDHÇMB-da söwdalar $14,7 milliondan geçdi

Iýul IV hepde: TDHÇMB-da söwdalar $14,7 milliondan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, Türkmennebit döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümler, pamyk toplumlary, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 70 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin polipropileni (Türkmennebit döwlet konserni), float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 337 müň manatdan gowrak boldy.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Awgust II hepde: TDHÇMB-da eksport geleşikleri $15,5 milliondan geçdi
Birža söwdalarynda Türkmennebit döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy
Awgust I hepde: TDHÇMB-da nebit-himiýa we dokma önümleri satyldy
TDHÇMB: Daşary ýurtly işewürler suwuklandyrylan gaz, bitum satyn aldylar
TDHÇMB-da penşenbe güni eksport geleşikleri $11 milliona golaýlady
TDHÇMB-da çarşenbe güni eksport geleşikleri $42,5 milliondan geçdi