Iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy bolar

Iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy bolar

Iýul aýynda Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň indiki aýda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, iýul aýynda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Geljek aýda ýurduň kitaphanalarynda çagalar edebiýatlarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, çagalaryň arasynda çeper okaýyşlar we beýleki çäreler geçiriler.

Mundan başga-da, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini wagyz etmek maksady bilen, Milli mirasymyz dowamat-dowam atly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Çalsana, bagşy!, Ýaňlan, Diýarym! we Gülüň owadan atly bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurtda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilýändigini, beýik ösüşleri beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň guralýandygyny belläp, wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Awgust aýynda Türkmenistanda nähili çäreler geçiriler?
Ýurdumyzda awgust aýynda geçiriljek medeni çäreler
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti bir aýlyk zähmet rugsadyna çykar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi