Iýmitlenmegiň kadalary

Bäbegiň sagdyn dünýä inmegi üçin ene-atasy öňünden taýýarlyk görmelidir. Elbetde, çaganyň sagdyn bolmagynda onuň maşgalasynda nesil yzarlaýan keselleriň bardygyna ýa-da ýokdugyna, ata-enesiniň ýaş we saglyk aýratynlyklaryna, iýmitlenişine uly orun berilýär. Geljekki enäniň iýmitinde saglyk üçin peýdaly witaminleriň ýeterlik derejede üpjün edilmegi hem aýratyn ähmiýetlidir.

Alymlaryň geçiren barlaglary göwreli zenanyň beden synalarynda witamin ýetmezçiliginiň çaga düwünçegine ýaramaz täsir edýändigini, ösüşiniň peselýändigini, dogabitdi kemislikleriň ýüze çykmagyna, çaganyň wagtyndan öň ýa-da az agram bilen dünýä inmegine sebäp bolýandygyny subut etdi. Göwreli ene wagtly-wagtynda lukman bilen maslahatlaşyp, özüne gerekli witamin, mineral toplumlaryny kabul edende bu oňaýsyz ýagdaýlaryň aglabasynyň öňüni alyp bolýar.

Witamin toplumlaryny göwrelilik döwründe däl-de, ondan has öň kabul edip başlasaň, göwrelilik wagtynda bolsa bellenen tertipde dowam etdirseň, enäniň özüne-de, bäbegine-de has peýdalydyr.Göwrelilik döwründe zenan maşgalanyň beden synalarynyň witaminlere bolan zerurlygynyň 1,5 esse ýokarlar.

Bu ýagdaý göwreli zenanyň endokrin ulgamynyň işjeňliginiň üzül-kesil ýokarlanýandygy, madda alyş-çalyş hadysalarynyň işjeňleşýändigi bilen düşündirilýär. Ösüp gelýän çaga düwünçeginiň hasabyna zenan maşgalanyň synalaryna düşýän agram ýüki iki esse diýen ýaly köpelýär.

Şeýle ýagdaýda ýaş zenana we onuň bäbegine witaminleriň berýän peýdasy ýokarlanýar. Göwreli zenana foliý turşusy bilen magniý mikroelementi zerurdyr. Bu bolsa çaganyň wagtyndan ir dogulmagynyň öňüni alýar.

Lukmanlar geljekki enelere E witaminine aýratyn üns bermegi maslahat berýärler. Bu witamin zenan synalaryny göwrelilige taýýarlaýar, ýürek bulanmasy ýaly oňaýsyz ýagdaýlary aradan aýyrýar. Göwreli zenanlaryň A hem-de D witaminine bolan talaplary doly derejede kanagatlandyrylmalydyr.

A witamini zenan maşgalanyň dişleriniň, saçynyň, derisiniň sagdyn saklanmagy üçin peýdalydyr. D witamini synalarda fosfor we kalsiý mikroelementleriň siňmegine ýardam edýär.

Göwreli zenanda demriň ýetmezçiligi dogum we dogumdan soňky döwürde gaýra üzülmelere getirmegi ähtimal. Witaminleri we minerallary özbaşdak içmek bolmaýar. Lukmana ýüz tutsaňyz, ol size haýsy witamini näçe möçberde içmelidigini maslahat berer.

Ýaş eneleriň käbiri ene süýdünde çaga zerur bolan maddalaryň ählisiniň saklanýandygyny aýdyp, çagasyna goşmaça witaminleri bermegi artykmaç hasaplaýarlar. Ýöne bu aýdylanlar D witaminlerine degişli däldir: çaganyň synalarynda onuň agdyklyk etmegi iňňän seýrek duş gelýän ýagdaýdyr, ýetmezçiligi welin düýpli kynçylyklara eltip bilýär. Bu witamin synalardaky mineral alyş-çalşygy kadalaşdyrýar, süňk dokumalarynda kalsiniň toplanmagyna jogap berýär.

Kalsiý süňk dokumasynyň berkligini üpjün edýän esasy mikroelementdir.Onuň ýetmezçilik etmegi çaga sähel ýykylyp-sürşende süňkleriniň şikeslenmegine, boýunyň haýal ösmegine, gowşaklygyna sebäp bolýar.Süýt we süýt önümleri kalsiniň esasy çeşmesidir. Çaganyň olardan ýüz öwürýändigi sebäpli lukmana ýüz tutulanda köplenç, ferment ýetmezçiligi anyklanylýar. Şeýle ýagdaýda körpejä süýt önümleriniň ornuny tutýan azyk önümleriniň agdyklyk edýän berhizini belleýärler, bäş ýaşdan uly çagalary bolsa düzüminde laktoza saklanýan derman serişdeleri bilen bejerýärler.

Kalsiý mineralyna bolan talap, aýratyn hem, çaganyň 3,5 we 7 ýaşynda, şeýle-de kämillik döwrüne gadam basanda ýokarlanýar.

Körpejäniň sagdyn ösmegi üçin C witaminine-de köp zat bagly bolýar, onuň ýetmezçiligi çaganyň tiz-tizden dümewlemegine getirýär.B witamininiň ýetmezçiligi çagada nerw näsazlyklaryny ýüze çykarýar, netijede körpejäniň kadaly ukusy bozulýar, ol sebäpsiz ýere gaharlanýar, aglaýar, öýkeleýär, mekdep ýaşyna ýetende okuw sapaklaryna ýetişigi deň-duşlarynyňkydan pes bolýar. Şol sebäpli hem witaminlere hem-de mikroelementlere baý bolan gök önümlerdir ir-iýmişleri iýmegi maslahat berýäris.

Akjemal Mämmetjumaýewa,

Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki şöhle bilen bejeriş bölüminiň lukmany.

Ýene degişli makalalar

Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym
Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
30-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrlik okuwlary: halkara tejribesi we ileri tutulýan milli ugurlar
Halkara bilermenleri döwlet dolandyryşy ulgamyna täze çemeleşmeler bilen tanyşdyrdylar