IV Açyk halkara matematika olimpiadasy jemlendi

IV Açyk halkara matematika olimpiadasy jemlendi

Häzirki wagtda milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilýär. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4 8-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS 2024) geçirildi.

Türkmenistanda ikinji gezek geçirilen bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň 400-e golaýy, şeýle-de Bolgariýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Saud Arabystanynyň, Ispaniýanyň, Indoneziýanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň 25-den gowrak ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 120-ä golaýy gatnaşdylar.

Birnäçe günläp dowam eden olimpiadada türkmen talyplary 191 medal gazanmagy başardylar. Şeýle-de özbegistanly talyplar 57, russiýaly ýaşlar 26, bolgariýaly myhmanlar bolsa 8 medal gazandylar. Ispaniýadan gelen talyp 1 altyn, OMOUS dostlugy topary 1 kümüş, Hytaý Halk Respublikasyndan, Indoneziýadan we Saud Arabystanyndan gelen talyp wekiliýetleriň hersi 1 bürünç medaly eýelediler.

Ýeňiji bolan talyplara guramaçylar tarapyndan medallardyr diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä teatry saz sungatynda atly filarmoniki lektorçylyk dersi boýunça açyk sapagy
Türkmenistanda talyp ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
11-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen döwlet maliýe institutynda geçirilen halkara olimpiadanyň netijeleri yglan edildi
22-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşynyň duşuşyklarynyň tertibi belli boldy
Mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň konserti