Itler üçin taryhda ilkinji kruiz

Günbatar Orlandonyň (ABŞ) Cruise Tails we Expedia Cruises kompaniýalary taryhda ilkinji gezek eýeleri bilen birlikde itleriň kruizini gurnajakdygyny habar berdi.Margaritaville at Sea laýneri 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Florida ştatynyň Tampa şäherinden Karib deňzi boýunça ýola düşer.

Syýahat 250 ite we olaryň eýelerine niýetlenendir.Kruizde syýahat etmek üçin syýahatçylar we olaryň itleri ilki bilen tassyklama işinden geçmeli zerur sanjymlary alyp, syýahat etmäge taýýardygyny görkezmeli bolar.

Gämide adamlar we itler belli bir düzgünleri berjaý etmeli, şeýle-de gadagan edilen zolaklardan daşda durmaly bolarlar.Gämide itleriň eýelerine ýörite gullukçy bellenip, ol syýahatçylaryň kaýutalarynyň we gäminiň guratlygyna gözegçilik eder.

Syýahat wagtynda it sergileri we itler üçin niýetlenen iň oňat geýim bäsleşikleri guralar.Gämide itlere timar bermek, güjükler üçin massaž ýaly hyzmatlar hem hödürlener.Guramaçylar bu syýahaty itler üçin ilkinji kruiz hökmünde baha berseler-de, itler we pişikler bilen syýahat etmäge niýetlenen başga-de gämiler bar.

Jahan HAÝTEKOWA, Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_674074bb158ac_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674074bb158ac_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Gezerawjynyň älem syýahaty tamamlanyp barýar
ZEHINLI AÝDYMÇYLARYŇ BÄSLEŞIGI
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi
Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portundan alyp gitdi
Azerbaýjanyň täze gämisi ilkinji ýüküni Türkmenistanyň portuna getirdi
Kruiz gämi syýahatçylygynyň işjeňligi dowam edýär