Ite eýe çykan ýagşy adamlar barada hekaýat

...Ysmaz galan it baradaky habara Aýna Saýyň adamsy internetde duşupdyr.Onuň öňki eýesi serhoş wagty iti jaýyň üçünji gatyndan zyňyp goýberipdir.Janaweriň gözlerindäki hasraty gören Dmitriý ynjalykdan gaçypdyr.

Ol pikirini aýalyna aýdandan olar öý-öwzarsyz haýwanlaryň malhanasyndaky itden habar almagy ýüregine düwdiler.Ilkibada olar maýyp iti öýüne almagy niýetem edinmändiler, öýde ozalam garran Musýa bilen ýaşajyk Ryžik atly iki it bardy.

Haçan-da olar janaweriň başyna düşen derdinden ýaňa çekýän ejirini sözsüz aýdýan naýynjar gözlerine bakanlarynda, Aýna gözýaşyny saklap bilmedi, sebäbi onuň halyna biparh seredip bolmaýardy.Belyý atly bu iti öýe almaly diýen pikire gelindi.

Musýa bilen Ryžigiň hersi diňe öň aýagyna daýanyp süýrenip ýören ite birhili garady.Musýa oňa nebsagyryjy baksa, Ryžik täze tanşyna begenýändigini görkezjek bolup, howsalaly Belynyň daşynda bökjekleýärdi.Ilki bilen Belyny suwa düşürdiler.

Ol ömründe ilkinji gezek ýuwulýan bolmaly, it durky bilen Anýa ynanyp, hiç hili garşylyk görkezmeýärdi.Aýna kirli hem näsag iti eline alan pursadyndan bäri ol diňe oňa gulak asýardy.

Olar tanyşlygyň ilkinji minutlaryndan bir-birine ysnyşyp gitdiler.Iti kän ýuwmaly boldy.Onuň tenindäki iriňli başlar kesmek baglap gidipdir.Aýna suwdan soň ony desmal bilen süpürende itiň ak derisini gören dessine oňa Belyý diýip at dakdy.

Dogrusy, onuň ýaralaryny bejermek üçin kän wagt gerek boldy olary zyýansyzlandyrmalydy we ýörüte ýaglar bilen bejermelidi.Belyý iýme topuldy-da çalt-çaltdan açgözlük bilen iýip ugrady. Ýöne bu ýerde özüne dostlukly garaýşy görüp, birneme aljyrady.

Belynyň täze öýünde hemme zat it üçin üýtgeşikdi.Aýna öýüň bir burçunda halyça ýazyp berdi --bu indi onuň öz ýeridi—hemem oňa plastmass süňk berdi.Oýunjagam onuň üçin geň zatdy.Oňurgasy döwlendigi sebäpli Belynyň yzky ýaklary işlemeýändigi sebäpli ol aşagyna täret edýärdi.

Malhanada-da muny duýdyrypdylar. Ýöne Dima bir gap pampers satyn aldy, olar ondan itiň guýrugy çykar ýaly deşik kesdiler welin, mesele öz-özünden çözüldi duruberdi.Aýna: Belyý akylly we arassaçyl it - diýip gürrüň berýär. -- Pampersli gezmek ýeňil-ä däl, ýöne ol öýi hapalamazlyk üçin zerur çäredigine derrew düşündi.

Eger onuň ýelmenýän ýeri sypaýsa dagy, ol bir duran ýerinde doňýar-da, tä men ony düzedýänçäm gymyldanogam.Güneşli maýyl günler men balkonyň işigini açýaryn welin, Ryžikdir Belynyň göhi gelýar.

Ryžik öz oýnawaç towşanyny, Belyý bolsa plastmass süňküni alyp, balkonda oýnap keýpden çykýarlar.Geň ýeri, men gapyny ýapýan weli, olaryň hersi diňe öz oýunjagyny alýar-da, öz ýerine çekilýärler.

Ilkibadalar biz Musýa bilen Ryžigi irki gezelenje çykaranymyzda Belyý süýrenip işige gelerdi-de, naýynjar uwlardy.Biz ol köçä çykyp bilmeýänine awunýarmy ýada ýekelikde galmakdan gorkýarmy - düşünip bilmeýärdik, ýöne ony eşidip durmagam ýüregiňi zer-zaw edýärdi.

Onsoň Dima maýyp it üçin tigirjek gerek diýip internete bildiriş berdi.Bildirişe bir ussa seslendi, gelip onuň ölçegini aldy, çysgysyny çyzdy.Onuň birinji nusgasy şowsuz boldy.Soň ol başga ussa çagyrdy, olam ýene birini.

Bileleşip edilen iş netijesinde Belyý tigirçekli boldy!Biz onuň öň aýaklaryny aşak çykardyk welin, ol öň aýaklary bilen tigirçegi herekete getirýärdi. Şeýdibem Belyý ulagly boldy, dogrusy ony men sürýärdim.

Ilkinji gezelenç iki aýakly it üçin uly waka boldy.Belynyň ýer, ot küýsändigi görnüp durdy, ol aýaklaryny olara üýtgeşik höwes bilen basanda, tutuş süňňi bilen özüniň bagtlydygyny görkezýärdi!

Geçip barýan adamlar üýtgeşik ite geň galyp bakýardylar.Käbirleri bolsa aýak çekip, janawere näme bolandygyny soraýardylar.Onuň düşen gününi eşidenlerinde bolsa, “näme kömek gerek?” diýip soraýardylar.Belyny alanymyzdan soň biz ýagşy adamlara köp duşdyk.

Ozaly bilen adamym Dimanyň ite ideg etmäge kömekleşýänligi üçin oňa minnetdarlygymyň çägi ýok.Bize düşünýändikleri üçin goňşularyma sag bolsun aýdýaryn, sebäbi bir öýde üç it kiçiräk haýwanat bag-a, şeýle hem kömegini teklip edýän päk ýürek adamlara-da sag bolsun aýdýaryn.

Elbetde, Bela seretmek üçin arassaçylyk serişdeleri pampers, salfetka, hajathana kagyzy kän gerek bolýar, onsoň tanş-u-nätanyş adamlar bize olary hödür etseler, biz ondan ýüz öwürmýäris, çünki ol päk ýürekden çykýan kömek ahyry.

Indi bir ýyl bäri öýmüzde ýaşaýan Belyý özüni tutdy, gür ak ýüňli it boldy.Ol gözlerinde bialaçlyga derek umyt dörän salyhatly ite öwrüldi...Sözsoňy ýerine.Aýna ýaly adamlara duşanyňda ýüregiň ýylap, dünýä ýagşy garaýyş döreýär.

Itiň pampersini gün içinde birnäçe gezek çalyşmaly, ony ýuwmaly, onuň iými we keýpiçagly barada alada etmeli, gezmäge çykarmaly bolýar...Aýna bu işe ýürekden ýapyşýar.Bu waka tötänliklerden başlan bolsa-da, Belyý atly ite adamkärçilik, ýürekdeşlik, söýgi we özara ynanyşmak ýaly ýagşy häsiýetli adamlar duşdy.

Saýyň maşgalasynyň göreldesi munuň özi biziň her birimize ýagşylygyň umytdyr şatlyk döredýändigini ýatladýar...

Ýene degişli makalalar

​Lebapda, Moskwa hüjüminden soň, howpsuzlyk güýçlendirildi
Türkmenistanda temmäki önümlerine salynýan goşmaça tölegleriň möçberi üýtgedildi, Aşgabat bilen Pekin ulag we ylmy-tehniki ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar, Russiýanyň kofe dükany Türkmenistanda sarp edijileriň islegini öwrenýär we beýleki habarlar
Hatikonyň 100 ýyllygy bellendi
At — sapasy bilen
Itim — gutum
Tilki we geçi