Woleýbol boýunça erkekdir zenanlaryň arasyndaky Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň final oýunlary Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirilip, ikisinde-de italýan klublary ýeňiş gazandy.Erkeklerin arasyndaky finalda “Kuçine-Lube” 4 ýyl bäri çempion bolup gelýän Kazanyň “Zenit” toparyny 3:1 (16:25, 25:15, 25:12, 25:19) hasaby bilen ýeňdi. “Kuçine-Lube” topary bu ýaryşda 2002-nji ýyldan soň, 2-nji gezek çempion bolmagy başardy.Zenanlaryň arasynda “Igor Gorgonzola” geçen möwsüm 3-nji ýeri eýelän “Imoko Wolleý” (Konelýano) toparyndan 3:1 (25:18, 25:17, 14:25, 25:22) hasabynda üstün çykdy.
Italiýanyň Nowaro şäheriniň topary “Igor Gorgonzola” hem 2003-nji ýyldan soň ikinji gezek çempionlar kubogyny gazandy.Möwsümiň iň gymmatly oýunçylary (MVP) diýlip, italiýaly woleýbolçylar — erkekleriň arasynda Osmani Huantorena Portuondo (“Kuçine-Lube”), gyzlardan bolsa, Paola Egoni (“Igor Gorgonzola”) saýlandy.