Türkiýäniň “SonDakika” neşiriniň 16-njy sentiýabrda ýazmagyna görä, irden Trabzon şäheriniň uçar menziline gonan üç sany daşary ýurt söweş uçarlary uly gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň Howa Güýçleriniň Italýadan satyn alan “Leonardo M-346FA” kysymly üç sany söweş uçarynyň ýangyç almak üçin Türkiýäniň Trabzon şäheriniň howa menziline gonandygy belli boldy.
Italýadan Türkmenistana barýarka, ýangyç guýmak üçin Trabzonyň uçar menziline gonan üç sany söweş uçarynyň 3 pilotynyň Italýandygy,beýleki 3-siniň Türkmendigi bildirildi diýip türk neşiri ýazýar.
Bu söweş uçarlary remontdan soňra Türkmenistana getirilýärmi ýa-da täze satyn alyndymy belli däl.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owal beren maglumatlaryna görä, geçen ýylyň 23-nji iýunynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Kerkide halkara uçar menziliniň açylyşynda Italýanyň “Alenia Auronautica” şirketiniň “C-27J NG Spartan” kysymly uçaryny görkezipdi.
6-njy iýunda Italýanyň Türina şäherinden ýola düşen hut şeýle kysymly uçary spotterler gördüler.
Soňky ýylda spotterler türkmen HHG-niň iki sany şol bir reňkli C-27J NG kysymly we CSX62319, CSX62322 wagtlaýyn hasaba alynyş sanly iki uçaryny surata düşürdiler.The post Italýadan Türkmenistana getirilýän söweş uçarlary Trabzonyň uçar menziline gondylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.