Italiýanyň täze hökümeti kasam kabul etdi

Ýewropanyň Merkezi bankynyň öňki başlygy Mario Draginiň ýolbaşçylygyndaky Italiýanyň täze hökümeti, prezident Serjo Mattarellanyň gatnaşmagynda kasam kabul etdi. Dabara Kwirinalsk köşgünde geçirildi. Premýer-ministr we ministrler Italiýanyň abadançylygy üçin hyzmat etjekdiklerine kasam edip, degişli resminamalara gol çekdiler.

Esasy wezipeleriň köpüsini öňki premýer-ministr Juzeppe Konteniň hökümetiniň ministrleri eýelediler. Juzeppe Konte 26-njy ýanwarda işinden çekilýändigini mälim edipdi. Mario Dragi 12-nji fewralda ýurduň prezidenti bilen gepleşik geçirenden soň, Italiýanyň täze hökümetine ýolbaşçylyk etmäge razy boldy.

The post Italiýanyň täze hökümeti kasam kabul etdi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Dünýä habarlary gysga setirlerde
Italiýanyň mekdeplerinde eltelefonlary gadagan edildi
Galibaf: Eýranyň döwleti tarapyndan kanunyň ýerine ýetirilmegi ugurynda Ýewropanyň gatyşmagy geň galdyryjydyr
Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
Suwasty geçelge gurlar
Meşhur sazandalaryň durmuşyndan