Italiýanyň Superi “Inter”

Italiýanyň 35-nji Super Kubogy duşuşygynda çempion “Milan” bilen Italiýanyň Kubogynyň eýesi “Inter” duşuşdy.Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýaddaky Şa Fahdyň adyny göterýän halkara stadionda oýnalan Milan şäher derbi duşuşygynda “Inter” köne bäsdeşini 3-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Intere” ýeňiş getiren gollary 10-nji minutda Federiko Dimarko, 21-nji minutda Edin Jeko hem-de 77-nji minutda Lautara Martines geçirdi. Şunlukda, “Inter” topary bassyr 2-nji, umumylykda-da 7-nji gezek bu kubogy eýeläp, “Milan” bilen deňleşdi.

Bu kubogy iň köp “Ýuwentus” gazanyp, turinliler 9 gezek ýeňiji boldy. “Interiň” tälimçisi Simone Inzagi bolsa 4-nji gezek ýurduň Super Kubogyny gazanmagy başardy.Ol “Interden” öň “Lasio” bilenem bu hormata 2 gezek mynasyp bolupdy. 46 ýaşyndaky hünärmen bu ugurda Fabio Kapello hem-de Marçelo Lippiniň hataryna goşuldy.

Ýene degişli makalalar

8 çempionlygy bolan klub aşaky liga düşdi
Inter Italiýanyň Super Kubogyna mynasyp boldy
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
Messi we topardaşlary çempionata taýýar Argentinanyň düzümi belli edildi
Messi, Mbappe meýdança çykýar Katar 2022-de 3-nji günüň duşuşyklary