Italiýanyň Stefano Ricci haryt nyşanynyň dükany erkek egin-eşiklerine 50%-e çenli arzanladyş hödürleýär

Italiýanyň Stefano Ricci haryt nyşanynyň dükany erkek egin-eşiklerine 50%-e çenli arzanladyş hödürleýär

Ýewropanyň erkek egin-eşigi haryt nyşany Stefano Ricci arzanladyş yglan edýär. 31-nji awgusta çenli haryt nyşanynyň Aşgabatdaky dükanynda egin-eşikleriň, aýakgaplaryň we aksessuarlaryň ähli görnüşine 35%-den 50%-e çenli arzanladyş hereket edýär.

Dükanda özüne çekiji we döwrebap erkek garderobyny döretmek üçin ähli zerur harytlary tapyp bilersiňiz. Stefano Ricci dükanynyň hödürleýän harytlarynyň hatarynda jinsiler, köýnekler, jalbarlar, nusgawy kostýumlar, köýnekçeler (futbolkalar) we sport lybaslary, başgaplar we beýlekiler bardyr. Italýan haryt nyşanynyň aýakgaplary we aksessuarlary hakyky deriniň hem-de zamşa materialynyň iň ýokary hilli görnüşlerinden taýýarlanýar.

Stefano Ricci haryt nyşany hödürleýän toplumlarynda häzirki zaman materiallaryny we tehnologiýalaryny elde taýýarlanan nepislik bilen utgaşdyrýar.

Stefano Ricci haryt nyşanly egin-eşikler diňe bir egin-eşik däl, eýsem, köp ýyllaryň dowamynda sizi begendirip geljek sungat eseri diýip, Aşgabatdaky dükanyň wekili belleýär.

Dükan Aşgabadyň Alyşir Nowaýy köçesiniň ugrundaky Altyn Zaman söwda merkezinde ýerleşýär. Iş wagty: dynç günsüz sagat 10:00-dan 20:00-a, ýekşenbe günleri 11:00-dan 20:00-a çenli. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 62) 55 55 06.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Stefano Ricci dükany erkek egin eşikleriniň täze tomusky kolleksiýasyny tanyşdyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Meşhur Ýewropa brendleriniň dükanlary Aşgabatdaky Altyn Zaman söwda merkezinde alyjylara garaşýar
Iň agyr kädi rekordy täzelendi
Bellingam bar bolsa…
14-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal