Italiýanyň Premýer ministri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen gürrüňdeş boldy

Italiýanyň Premýer ministri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen gürrüňdeş boldy

Italiýanyň Premýer ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Dragi we Aliýewiň şu gün telefon arkaly söhbetdeş bolandyklary bellenip: "Iki lider geçiren telefon söhbetdeşliklerinde Ukrainadaky ýagdaýy we esasan hem energetika pudagy başda bolmak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmegi ele aldylar" diýip habar berildi.

Tebigy gazda 40 göterim töweregi Russiýa garaşly bolan Italiýa, 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli energetika çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak babatynda degişli ýurtlar bilen gepleşiklerini geçen hepdeden bäri artdyrdy.

Şol çäkde Daşary işler ministri Luigi Di Maio hem energetika ugrundaky hyzmatdaşlyklaryny ösdürmek üçin meşhur suwuklandyrylan tebigy gaz üpjün ediji ýurtlar bolan Alžire 28-nji fewralda, Katara bolsa 5-nji martda sapar gurapdy.

Mundan başgada Dragi 5-nji martda Kataryň Emiri Şeýh Temim bin Hamed Al Sani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Ýene degişli makalalar

Nawalnyýnyň ýogalmagy bilen bagly Russiýa garşy bildirilýän reaksiýalar artýar
Mario Dragi Wladimir Putin bilen Ukraina krizisini ara alyp maslahatlaşdy
Baýden, Ýewropaly Liderler Bilen Russiýa-Ukraina Dartgynlygy Hakynda Pikir Alyşdy
“Pari Sen-Žermen” 100 mln ýewro oýunçylaryny satmaga borçly edildi
Baýden Putin Bilen Duşuşygyndan Ozal Günbatarly Liderler Bilen Maslahat Geçirdi
Bad Bunny Spotify-de ýylyň iň meşhur aýdymçysy boldy