Italiýanyň öňki Prezidenti Jorjo Napolitano aradan çykdy

2006-njy ýyldan 2015-nji ýyla çenli ýurda ýolbaşçylyk eden Italiýanyň öňki Prezidenti Jorjo Napolitano 98 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada 22-nji sentýabrda Italiýanyň milli habarlar agentligi ANSA habar berdi.

Soňky döwürde italýan syýasatçysynyň saglyk ýagdaýy has-da erbetleşip, Rimdäki hassahanada saglygyny bejerdýärdi.

Jorjo Napolitano Italiýa Respublikasynyň taryhynda 2013-nji ýylda gaýtadan saýlanan ilkinji Prezident boldy. Syýasatçy 2015-nji ýylda 89 ýaşyndadygy sebäpli möhletinden öň işinden çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen mediasynyň propaganda tärleri
Olimpiadanyň taryhyndaky täsin wakalar
Italiýanyň goranmak ministri ýygnak wagty özüni ýaramaz duýdy
Wengriýa Dünýä Ýurtlaryny Ukraina Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşmaga Çagyrdy
“Bir guşak, bir ýol” öz işine başlaýar
Finlýandiýanyň öňki Prezidenti Martti Ahtisaari aradan çykdy