Geljek okuw ýylyndan başlap, Italiýada başlangyç we orta mekdeplerde smartfonlary ulanmaga gadaganlyk güýje girer, şeýle-de telefonlary bilim maksatlary boýunça ulanmak gadagan ediler. Bu barada ýurduň Bilim minstrliginiň ýolbaşçysy Juzeppe Walditara habar berdi diýip, rg.ru ýazýar.
Ministr ykjam telefonlaryň çagalaryň okuwdan ünsüni sowýandygyny hem-de olara sapagy ünsli özleşdirmäge pasgel berýändigini belledi. Ol bu ugurda ÝUNESKO-nyň maslahatlaryna we birgiden ylmy barlaglara esaslanýandygyny aýtdy, olarda bolsa çagalaryň ykjam telefon ulanmagy bilen okuwa ýetişiginiň arasynda gönüden-göni baglanyşygyň bardygy subut edilýär.
Ýurduň Bilim ulgamyny bahalandyrmak boýunça Milli institutynyň hasabatyna görä, Italiýanyň aýratyn hem günortasynda mekdep okuwçylarynyň köpüsi matematika, logiki pikirlenme we öz pikirlerini beýan etmek babatda kynçylyk çekýärler. Bilim almak üçin has oňat şertleriň bardygyna garamazdan, ýurduň demirgazygynda hem çagalar pikirleriniň öz ene dili bolan italýan dilinde kynlyk bilen beýan edýärler.
Juzeppe Walditara şeýle hem mekdeplerde çagalarda kagyz we galam ulanmak endigini terbiýelemek maksady bilen nusgawy kazgy gündelikleriň hem-de depderleriň gaýtarylyp getiriljekdigini habar berdi.