Italiýanyň goranmak ministri ýygnak wagty özüni ýaramaz duýdy

Italiýanyň goranmak ministri ýygnak wagty özüni ýaramaz duýdy

Rimde Italiýanyň goranmak ministri Gwido Krozetto ýurduň Goranmak boýunça Ýokary geňeşiniň ýygnagy gidýärkä, özüni ýaramaz duýdy. Ony ýerli hassahana alyp gitdiler. Bu barada Il Messaggero gazetine salgylanýan Ren.tv habar berdi.

Syýasatçynyň hassahana eltilmeginiň sebäbi aýdylmaýar, emma gazet çeşmelere salgylanyp, ministriň döşündäki agyrydan ejir çekendigi bellenýär.

Şu ýylyň fewralynda ministr Krozetto San-Karlo-di-Nansi hassahanasynyň kardiologiýa bölüminde bejergi alypdyr. Şonda oňa ýüregiň sowuklamasyna garşy bejergi berlendigi habar berilýär.

Ýene degişli makalalar

Wengriýa Dünýä Ýurtlaryny Ukraina Meselesini Ara Alyp Maslahatlaşmaga Çagyrdy
Täze ekologik zolak peýda bolar
“Bir guşak, bir ýol” öz işine başlaýar
Finlýandiýanyň öňki Prezidenti Martti Ahtisaari aradan çykdy
TDHÇMB: Sentýabr aýynda söwdalar $200 milliona golaýlady
Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi