Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşyga Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň Prezidenti Jorjio Bartolomuççi, Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozo hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň professor mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşykda Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrari, Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň Prezidenti Jorjio Bartolomuççi, Italiýanyň Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozonyň Italiýanyň häzirki zaman şekillendiriş sungaty boýunça tanyşdyryşlar bilen we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylym işleri boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow häzirki zaman şekillendiriş sungaty boýunça akademiýanyň mejlisler zalynda mugallymlaryň we talyplaryň öňünde täsirli çykyş etdiler.
Çykyş edenler Italiýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda görnükli suratkeşleriň döreden nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn eserleriniň mysalynda çuň mazmunly çykyşlar etdiler. Dostluk baýramçylygyna beslenen şekillendiriş sungaty baradaky bu duşuşyk mugallymlarda we talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Italiýa Respublikasyndan gelen myhmanlar çeperçilik akademiýanyň Altyn fondy muzeýindäki işler bilen tanyşdylar. Iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda mümkinçiliklerden ugur alyp, geljekki netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek maksady bilen ikitaraplaýyn Ähtnama gol çekildi.