“Italiýanyň doganlary” saýlawlara gatnaşar

Italiýanyň ultra sagçylarynyň lideri, “Italiýanyň doganlary” partiýasynyň başlygy Jorja Meloni sentýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda özüni ýurduň Premýer-ministri wezipesine dalaşgär görkezmekçidigini mälim etdi.

Men saýlawlara gatnaşmaga taýyn. Häzir bilermenleriň pikiriçe, italiýalylaryň köpüsi biziň partiýamyzy goldaýar diýip, “Italiýanyň doganlary” partiýasynyň lideri Jorja Meloni aýtdy.

Meloni, Matteo Salwininiň “Liga” partiýasy we Silwio Berluskoniniň “Öňe Italiýa” koalisiýasynyň bir bölegi hökmünde saýlawlara gatnaşar.Häzirki wagtda ýurtda geçirilen pikir soralyşyklarda, “Italiýanyň doganlary” bileleşikdäki hyzmatdaşlaryndan öňde barýar. 21-nji iýulda Italiýanyň Premýer-ministri Mario Dragi öz hökümetini goldaýan uly bileleşik dargandan soň işinden çekildi.

Prezident Serjo Mattarella parlamenti ýatyryp, 25-nji sentýabrda nobatdan daşary saýlawlary geçiriljekdigini mälim etdi.Bilermenleriň aýtmagyna görä, “Italiýanyň doganlary” uly abraýdan peýdalanyp, onuň lideri Jorja Meloni ýeňiş gazanan halatynda Italiýa hökümetine ýolbaşçylyk etjek ilkinji zenan bolup biler.

Ýene degişli makalalar

47 ýyldan soň 2-nji çempionlyk
Aşgabatda türkmen-tatar işewürlik maslahaty geçiriler, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi 15 ýyllygyny bellär, Daşoguzda 7 sany köpgatly ýaşaýyş jaýy gurlar we beýleki habarlar
Zenanlardan soň erkekleriň arasynda-da Italiýa ýeňiş gazandy
“Betis” hem-de “Wilýarrealyň” täze oýunçylary
Raşid Meredow ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory bilen duşuşdy
Ýewropanyň iň gowulary saýlanar