Italiýany 45 ýyldan bäri ýeňip bilmeýän Angliýa aşaky liga düşdi

UEFA Milletler Ligasynda “A” Liganyň 3-nji toparçasynda Ýewropa çempionatynyň finalynda duşuşan çempion Italiýa bilen wise-çempion Angliýa duşuşdy. “San Siroda” oýnalan duşuşyk Italiýanyň 1-0 ýeňşi bilen tamamlandy.

Italýanlara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 68-nji minutda Jakomo Raspadori geçirdi.Bu ýeňişden soň Italiýa 2-nji orna beýgeldi.Angliýa bolsa 45 ýyldan bäri ýeňip bilmeýän garşydaşyndan ýene bir ýola ýeňlişe sezewar boldy.

Angliýanyň ýygyndysy 450 minutdan bäri gol geçirip bilmän gelýär. 2000-nji ýyldan ilkinji gezek soňky 3 duşuşynda gol geçirip bilmedik Angliýanyň ýygyndysyna soňky 8 ýylda ilkinji sapar yzly-yzyna 5 duşuşykda ýeňiş gazanmak başartmady.

Angliýanyň ýygyndysy UEFA Milletler Ligasynda “B” Liga düşdi.

Toparçadaky beýleki oýunda Germaniýanyň ýygyndysy öz meýdançasynda Wengriýadan 1-0 utuldy. Wengerlere ýeňiş getiren ýeke-täk goly 17-nji minutda Adam Salai geçirdi. Bu ýeňişden soň Wengriýa birinjiligini goramagy başardy. Germaniýanyň ýygyndysy final tapgyryna çykmak mümkinçiligini elden giderdi. Toparçada 1-nji ýeri eýelejek ýygyndy 26-njy sentýabrda Wengriýa-Italiýa duşuşygyndan soň belli bolar.

Ýene degişli makalalar

29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
9-njy awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýurdumyz Gündogar Ýewropa ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrýar
Wengriýada Türkmenistanyň medeniýet günleri we Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyşy bolar
WENGRIÝADA TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI WE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ HEÝKELINIŇ AÇYLYŞY BOLAR
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi