Italiýaly şäher häkimi horlanmak üçin ýerli ýaşaýjylar bilen gezim edýär

Italiýaly şäher häkimi horlanmak üçin ýerli ýaşaýjylar bilen gezim edýär

Italiýanyň Trewizo ülkesiniň Waldobbýadene şäheriniň meri Luçano Fregoneze özboluşly däbi ýola goýdy, ol her gün ýerli ýaşaýjylar bilen bilelikde gezelenç edýär. Onuň maksady dartgynly işi netijesinde edinen artykmaç agramyndan dynmak diýip, rg.ru ýazýar.

47 ýaşly Fregoneze mundan on ýyl öň on müň töwerekli ilaty bolan Waldobbýadene şäheriniň hakimi boldy. Şol wagt onuň agramy 90 kilogramdy, emma ol 140 kilogramdan hem köp semredi. Oňat naharlanmagy halaýandygyny gizläp barmaýan häkim öz semizliginde mejbury oturyp işlemeli bolýandygyny, uzak iş gününi, şeýle-de stoluň başynda geçýän köpsanly duşuşyklarydyr ýygnaklary günäkärleýär.

Häkimiň gezelençlerine onuň soňky saýlawdan öňki tutumy sebäp boldy, şol wagt nätanyş biri şäherdäki binalaryň biriniň diwaryna “panzone” diýip ýazypdyr, bu bolsa garynlak diýmegi aňladýar.

Men gaty görüp oturamok-la, munuň sebäbi edarada 20 ýyllap oturyp işlemeli bolandygym diýip, syýasatçy gürrüňini dowam edýär: - Döwlet gullugy agramyň artmagyna getirýär, uzak pikirlenmeler bolsa, oňa gözegçilik etmäge pasgel berýär.

Şäher ýaşaýjylarynyň özüni goldaýandygyna garamazdan, Fregoneze heniz horlanmagy başarmaýandygyny boýun alýar. Emma bile gezelenç etmek oňa şäheriň ýaşaýjylary bilen gatnaşygy pugtalandyrmaga kömek edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenbaşy şäherinde üç gün bäri tok, suw kesilýär ýerli ýaşaýjylar
Türkmenabatda baýramçylyk ýörişi berk gözegçilik astynda geçdi
Marynyň häkimiýetleri Berdimuhamedowlaryň biriniň saparyna taýýarlanýar
Tejenlilerden jaýlarynyň üçegine döwlet baýdagyny oturtmak talap edilýär
Türkmenabatda adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar, nobat köpelýär
Tok, suw yzygiderli kesilýär, gündelik durmuş bökdelýär - Türkmenbaşy
Tok, suw we gaz üpjünçiliginde yzygiderli ýüze çykýan bökdençlik ýerli ýaşaýjylary ýadadýar Lebap